Oýun sanawy


ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Türkmenistanyň Prezidentini we halkyny Nowruz baýramy bilen gutlady
31 Mart. 01:36Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Tramp Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we tutuş türkmen halkyna baharyň hem-de täzelenişiň baýramy bolan halkara Nowruz güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady. Bu baradaky resmi habar «Watan» habarlar gepleşiginiň agşamky sanynda halk köpçüligine ýetirildi.
Prezident Donald Trampyň hatynda Nowruz baýramynyň diňe bir taryhy kökleri bolan milli baýram däl, eýsem bütin dünýäde parahatçylygyň, agzybirligiň we dostlugyň dabaralanmagynyň belent nyşanydygy aýratyn nygtalýar. Ak tamyň ýolbaşçysy bu baýramyň Amerikan topragynda hem köp sanly medeniýetleriň wekiilleri tarapyndan uly şatlyk bilen garşylanýandygyny belläp, täze ýylyň asylly işlere, berekede we rowaçlyga baý bolmagyny diledi.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň Daşary işler ministri GDA-nyň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirdi
10 Sen. 12:42Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 111-nji mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Arkalaşykdaky başlyklygynyň ileri tutulýan ugurlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek hem-de GDA-nyň çäklerinde amaly hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini maslahatlaşdylar.
Duşuşykda 2026-njy ýylyň 7-nji we 9-njy oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň we Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlislerine taýýarlyk hem-de olaryň guramaçylyk meselelerine aýratyn üns berildi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda taraplar köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin bilelikdäki amaly işleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.