Oýun sanawy

Türkmenistanda «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň resmi web-saýty işe girizildi

25 Mart. 05:35

Çeşme

Türkmenistanda ekologiýa başlangyçlaryny ösdürmekde we sanly ulgamlary giňeltmekde nobatdaky möhüm ädim ädildi — «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň resmi web-saýty, tebigatchy.co.tm işe girizildi. Tebigatyň täzelenýän bahar günlerinde işe başlan bu platforma guramanyň işinde täze ösüş tapgyrynyň başlandygyny alamatlandyrýar.

 

Täze sanly platformanyň döredilmegi amala aşyrylýan ekologiýa taslamalary baradaky maglumatlaryň elýeterliligini ýokarlandyrmaga hem-de jemgyýet bilen aragatnaşygy has-da işjeňleşdirmäge gönükdirilendir. Web-saýt guramanyň işini döwrebaplaşdyrýan möhüm gural hökmünde çykyş edýär.

 

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň esasy iş ugurlary ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, ýaşlaryň arasynda ekologiýa medeniýetini kemala getirmek hem-de «ýaşyl» endikleri wagyz etmekden ybaratdyr. Gurama milli ekologiýa maksatnamalaryna işjeň gatnaşmak bilen birlikde, meýletinçilik hereketleriniň ösdürilmegine hem uly üns berýär.

 

Guramanyň ýolbaşçysy Leýli Şyhmädowanyň belleýşi ýaly, täze web-saýtyň işe girizilmegi möhüm ähmiýete eýedir:

«Bu platforma diňe bir maglumat çeşmesi bolman, eýsem, tebigaty goramak boýunça alnyp barylýan işleriň açyklygyny üpjün edýän we ähli gyzyklanýan taraplary birleşdirýän netijeli guraldyr. Şeýle hem ol halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm köpri bolar».

 

Web-saýtda ulanyjylar türkmen, rus we iňlis dillerinde taýýarlanan habarlar, makalalar hem-de hasabatlar bilen tanşyp bilerler. Mundan başga-da, her bir raýat gurama agza bolup ýa-da meýletinçilik hereketine goşulyp, tebigaty goramak işine öz goşandyny goşup biler.

 

Täze web-saýtyň işe girizilmegi jemgyýetçilik we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge, şeýle hem ýurdumyzyň ekologiýa syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam berer.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Türkmen alabaýynyň baýramynda iki hünärmene «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at dakyldy

26 Okt. 07:21

Çeşme

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli baýramçylyk bolan Türkmen alabaýynyň güni mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakmak baradaky degişli Permana gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu resminama milli itşynaslyk mekdebiniň köpasyrlyk däplerini saklamakda hem-de türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly hyzmatlary bitiren zähmetkeşleri sarpalamaga gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, alabaý itlerini ylmy esasda saklamakda, köpeltmekde we olaryň tohum arassalygyny goramakda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal hem-de göreldeli zähmeti göz öňünde tutulyp, iki raýata bu ýokary döwlet ady gowşuryldy. Şunlukda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň uly tehnigi Begmyrat Halwatjanow hem-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby bölüminiň it idedijisi Parahat Bäşimow bu mukaddes ada mynasyp görüldiler.

Ata-babalarymyzdan miras galan türkmen alabaýlary halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Häzirki wagtda ýurtda alabaýlaryň baş sanyny artdyrmak, olary halkara derejede wagyz etmek we harby hem-da hukuk goraýjy edaralarda gulluk itleri hökmünde netijeli ulanmak boýunça giň göwrümli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌