Oýun sanawy


Şu günler Gruziýanyň paýtagty Tbilisi şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri uly dabaralara beslenip geçirilýär. Bu halkara çäre iki ýurduň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösüşiň täze derejesine çykýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Medeni çäräniň açylyş dabarasy türkmenistanly medeniýet we sungat işgärleriniň taýýarlan amaly-haşam sungatynyň eserlerinden, suratkeşleriň hem-de heýkeltaraşlaryň täsin işlerinden ybarat bolan giň möçberli sergi bilen utgaşdy. Sergide türkmen halkynyň taryhyň dowamynda döreden dünýä nusgalyk milli däp-dessurlary we gymmatlyklary dabaraly görkezildi. Açylyş dabarasy mynasybetli guralan aýdym-sazly çykyşlar bolsa bu ýere ýygnanan myhmanlarda ýakymly täsirler galdyrdy.
Medeniýet günleriniň çäklerinde iki ýurduň döredijilik, kitaphana we teatr işgärleriniň gatnaşmagynda birnäçe möhüm duşuşyklar geçirildi. Kitaphana wekilleriniň duşuşygynda häzirki döwürde özara tejribe alyşmak we degişli ugurlar boýunça gatnaşyklary işjeňleşdirmek meseleleri ara alanyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Türkmenistanyň we Gruziýanyň teatr ýolbaşçylarynyň özara duşuşyklary guralyp, onda sahna ussatlary teatr sungatynyň häzirki ýeten derejesi hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi barada gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalary guraldy.
«Watan» habarlar gepleşiginiň habar bermegine görä, Türkmenistanyň döredijilik wekiliýetiniň agzalary Tbilisi şäheriniň gözel we taryhy ýerlerinde ýörite gezelençde boldular. Medeniýet günleriniň maksatnamasynyň köpugurly häsiýete eýe bolmagy gatnaşyjylara we Gruziýanyň ýaşaýjylaryna türkmen halkynyň baý medeni mirasy bilen has ýakyndan tanyşmaga giň mümkinçilik döretdi.
Şeýle hem okanyň


«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar
24 Okt. 12:11Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.
Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.