Oýun sanawy
“Täze Aý” kärhanalar topary — ýurdumyzda şöhlat, konditer we süýt önümlerini öndürýän iň iri öndürijileriň biri bolup, häzirki wagtda azyk önümleriniň 500-e golaý görnüşini hödürleýär.
“Täze Aý” önümçilik desgalary hiliň we azyk howpsuzlygynyň halkara standartlaryna laýyklykda sertifikatlaşdyrylandyr. Kärhanalarda ISO 9001:2015 hili dolandyrmak ulgamy we ISO 22000:2018 azyk önümleriniň howpsuzlygyny dolandyrmak ulgamy üstünlikli işleýär. Bu bolsa her bir önümde hil we ygtybarlylygyň kepilidir.
Häzirki zaman taslamasy boýunça gurlan “Täze Aý” konditer fabrikasy ýokary hilli, import edilen awtomatiki enjamlar bilen üpjün edilendir. Fabrikanyň önümçilik kuwwaty bir günde 123 tonna çenli konditer önümlerini öndürmäge mümkinçilik berýär.
Esasy önümler: kökeler, keksler, wafliler, tortlar we olaryň kiçi bölekleri. Häzirki wagtda fabrikada 7 sany esasy önümçilik hatary hereket edýär we olar boýunça konditer önümleriniň giň görnüşleri öndürilýär.
Diňe ýokary hilli çig mallaryň ulanylmagy, önümçilik prosesleriniň doly awtomatlaşdyrylmagy we tehnologiýanyň ýokary derejesi — “Täze Aý” önümleriniň esasy artykmaçlyklarydyr.
“Täze Aý” konditer önümleri häzirki wagtda Russiýa Federasiýasyna, Gyrgyzystana, Hytaý Halk Respublikasyna, Mongoliýa we Owganystana eksport edilýär.
“Täze Aý” — hil, möçber we ynam.


Türkmen alabaýynyň baýramynda iki hünärmene «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at dakyldy
26 Okt. 07:21Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli baýramçylyk bolan Türkmen alabaýynyň güni mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakmak baradaky degişli Permana gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu resminama milli itşynaslyk mekdebiniň köpasyrlyk däplerini saklamakda hem-de türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly hyzmatlary bitiren zähmetkeşleri sarpalamaga gönükdirilendir.
Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, alabaý itlerini ylmy esasda saklamakda, köpeltmekde we olaryň tohum arassalygyny goramakda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal hem-de göreldeli zähmeti göz öňünde tutulyp, iki raýata bu ýokary döwlet ady gowşuryldy. Şunlukda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň uly tehnigi Begmyrat Halwatjanow hem-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby bölüminiň it idedijisi Parahat Bäşimow bu mukaddes ada mynasyp görüldiler.
Ata-babalarymyzdan miras galan türkmen alabaýlary halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Häzirki wagtda ýurtda alabaýlaryň baş sanyny artdyrmak, olary halkara derejede wagyz etmek we harby hem-da hukuk goraýjy edaralarda gulluk itleri hökmünde netijeli ulanmak boýunça giň göwrümli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.