Oýun sanawy


Baýramalyda düýe we geçi ýüňüni gaýtadan işleýän täze bölüm işe girizildi
08 Maý. 05:52Mary welaýatynyň Baýramaly şäherindäki Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky dokma toplumynyň düzüminde täze önümçilik bölümi açyldy. Bu ýerde sebitde ilkinji gezek düýe ýüňüni we geçi çöpürini egrip, ýokary hilli ýüň ýüplüklerini öndürmek ýola goýuldy. Täze açylan önümhana ýurdumyzyň dokma senagatyny diwersifikasiýa etmek we ýerli çig malyň gymmatyny artdyrmak baradaky döwlet syýasatynyň möhüm bölegidir.
Täze bölümiň ýyllyk kuwwaty 130 tonna ýüplük öndürmäge niýetlenip, bu ýerde iň döwrebap tehnologiýalar ornaşdyryldy. Italiýanyň «Gomatex» kompaniýasynyň ýokary öndürijilikli enjamlary Nm 8-den Nm 27-ä çenli bolan dürli belgili ýüplükleri öndürmäge mümkinçilik berýär. Bu önümler boýalan we tebigy reňkdäki görnüşlerde taýýarlanyp, olar halkara bazarlaryna eksport etmek üçin iki ýa-da üç gatlanan görnüşde gaplanýar.
Bu ýerde öndürilýän ýüplükler özüniň ýylylygy we ýumşaklygy bilen tapawutlanyp, olar esasan switer, şarf, ellik we penjek ýaly dokma önümlerini öndürmek üçin ulanylýar. Şeýle hem geçi çöpürinden meşhur kaşemir matalaryny dokamak üçin zerur bolan ýüplükleriň öndürilmegi kärhananyň eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge şert döredýär. Häzirki wagtda bu harytlara Hytaýda we Ýewropa döwletlerinde örän uly isleg bildirilýär.
Kärhananyň işe başlamagy bilen 116 sany täze iş ornunyň döredilmegi sebitiň ilatynyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmaga ýardam etdi. Baýramaly dokma toplumynyň bu täze bölümi diňe bir ýerli däl, eýsem tutuş sebit üçin hem ýeke-täk önümçilik merkezi hasaplanýar. Düýe we geçi ýüňüniň gaýtadan işlenilmegi türkmen dokma önümleriniň dünýä bazaryndaky bäsdeşlige ukyplylygyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň U15 futbol ýygyndysy Bakuda geçirilýän FIFA festiwalynda ilkinji ýeňişlerini gazandy
Bugün 06:20Türkmenistanyň 15 ýaşa çenli (U15) ýetginjekler ýygyndysy Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçirilýän FIFA-nyň bütindünýä festiwalynda we dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş edýär. Ýurdumyzyň ýetginjek futbolçylary L toparçada Gonkongyň ýygyndysyny 2:1 hasabynda hem-de Kuk adalarynyň toparyny 3:1 hasabynda ýeňmegi başardylar. Toparyň düzüminde Artýom Çernow 3 gol geçirip, iň netijeli hüjümçi boldy. Şeýle hem Guwanç Artykow, Serdar Agaýew we Zehnetdin Şarafatdinow hersi bir gezek tapawutlandylar.
Geçirilen duşuşyklarda türkmen futbolçylary Italiýanyň (1:5) we Kataryň (0:4) güýçli ýygyndylaryna ýeňilen hem bolsalar, geçiren 4 oýnundan soň 6 utuk toplap, toparçada üçünji orny eýelediler. Deslapky Tapgyryň soňky duşuşygyny milli ýygyndymyz 26-njy oktýabrda Beniniň toparçasy bilen geçirýär. Bakuwdaky bäsleşige baş tälimçi Aziz Kambarowyň we onuň kömekçisi Dawid Sarkisowyň ýolbaşçylygynda ham-da kapitan Şamyrat Namraýewiň serdarlygynda jemi 14 sany ýaş futbolçy ugradyldy.
Halkara ýaryşyň düzgünlerine laýyklykda, oýunlar kiçeldilen meýdançalarda 8×8 görnüşinde amala aşyrylyp, duşuşyklar 20 minutlyk iki taýmdan ybaratdyr. Deslapky tapgyrdan soň toparlar eýelän orunlaryna görä pleý-off diwizionlaryna бölünýärler we ýaryşyň dowamynda her bir ýygyndy jemi 10 oýun geçirer. Bu halkara turnir Türkmenistanyň ýaş futbolçylary üçin uly halkara tejribe we amaly mekdep öwrülýär.