Oýun sanawy

Türkmenistanda ýerasty suw gorlaryny artdyrmak boýunça giň göwrümli geologiýa barlaglary geçirilýär

02 Sen. 07:05

Çeşme

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň gidrogeologlary Mary we Lebap welaýatlarynyň çäklerinde ýerasty suw ýataklaryny tapmak hem-de olaryň gorlaryny artdyrmak boýunça gözleg-barlag işlerini işjeň alyp barýarlar. «Nebit-gaz» gazetiniň habar bermegine görä, bu çäreler ilaty durnukly we arassa agyz suwy bilen üpjün etmäge gönükdirilendir. Ýylyň ilkinji ýeti aýynyň jemleri boýunça sütünleýin mehaniki burawlama meýilnamasy 111,5 göterim ýerine ýetirilip, umumy çuňlygy 16 müň 54 metre deň bolan guýular burawlandy.

Häzirki wagtda gözleg we kartografik barlaglar Mary welaýatynyň Tärimlik, Sakarçäge, Peşanaly, Murgap, Töreşyh, Tarhan, Kälçe, Gündogar Baýramaly, Täze oba hem-de Sandykgaçy meýdançalarynda üstünlikli dowam etdirilýär. Şol bir wagtyň özünde, Lebap welaýatynyň çägindäki Jynlygum, Zähmetkeş, Tahyrbaý we Narazym meýdançalarynda hem degişli gözleg işleri güýçli depginde alnyp barylýar.

Mundan başga-da, ekspedisiýanyň hünärmenleri Ahal we Balkan welaýatlarynda senagat hem-de tehniki hajatlar üçin ýerasty suw çeşmelerini barlamak boýunça şertnamalaýyn işleri berjaý edýärler. Aýratyn hem, Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň çäginde ýerleşýän Bereket ýod zawodynyň buýurmasy esasynda senagat ähmiýetli ýod-bromly suw ýataklaryny açmak boýunça gözleg-barlag işleri netijeli amala aşyrylýar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Türkmenistanyň U15 futbol ýygyndysy Bakuda geçirilýän FIFA festiwalynda ilkinji ýeňişlerini gazandy

Bugün 06:20

Çeşme

Türkmenistanyň 15 ýaşa çenli (U15) ýetginjekler ýygyndysy Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçirilýän FIFA-nyň bütindünýä festiwalynda we dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş edýär. Ýurdumyzyň ýetginjek futbolçylary L toparçada Gonkongyň ýygyndysyny 2:1 hasabynda hem-de Kuk adalarynyň toparyny 3:1 hasabynda ýeňmegi başardylar. Toparyň düzüminde Artýom Çernow 3 gol geçirip, iň netijeli hüjümçi boldy. Şeýle hem Guwanç Artykow, Serdar Agaýew we Zehnetdin Şarafatdinow hersi bir gezek tapawutlandylar.

Geçirilen duşuşyklarda türkmen futbolçylary Italiýanyň (1:5) we Kataryň (0:4) güýçli ýygyndylaryna ýeňilen hem bolsalar, geçiren 4 oýnundan soň 6 utuk toplap, toparçada üçünji orny eýelediler. Deslapky Tapgyryň soňky duşuşygyny milli ýygyndymyz 26-njy oktýabrda Beniniň toparçasy bilen geçirýär. Bakuwdaky bäsleşige baş tälimçi Aziz Kambarowyň we onuň kömekçisi Dawid Sarkisowyň ýolbaşçylygynda ham-da kapitan Şamyrat Namraýewiň serdarlygynda jemi 14 sany ýaş futbolçy ugradyldy.

Halkara ýaryşyň düzgünlerine laýyklykda, oýunlar kiçeldilen meýdançalarda 8×8 görnüşinde amala aşyrylyp, duşuşyklar 20 minutlyk iki taýmdan ybaratdyr. Deslapky tapgyrdan soň toparlar eýelän orunlaryna görä pleý-off diwizionlaryna бölünýärler we ýaryşyň dowamynda her bir ýygyndy jemi 10 oýun geçirer. Bu halkara turnir Türkmenistanyň ýaş futbolçylary üçin uly halkara tejribe we amaly mekdep öwrülýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌