Oýun sanawy

«Türkmenobahyzmat» döwlet birleşiginiň sebitara düzümleri döwrebap tehnikalar bilen üpjün edildi

03 Iýun. 03:41

Çeşme

Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny kämilleşdirmek boýunça döwlet syýasatynyň çäklerinde «Türkmenobahyzmat» döwlet birleşiginiň welaýatlardaky önümçilik kärhanalaryna dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň ýokary öndürijilikli täze tehnikalary gelip gowuşdy. Maşyn-traktor parkynyň düýpli täzelenmegi möhüm oba hojalyk möwsüminiň — galla oragynyň başlanmagyna gabat getirildi. «Watan» habarlar gepleşiginde bellenilişi ýaly, täze kämil maşynlaryň gelmegi däne ýygymy möwsümini gysga möhletde we bökdençsiz geçirmäge mümkinçilik berer.

Satyn alnan tehnikalaryň ilkinji tapgyry diňe bir ýokary tehnologiýaly däne ýygýan kombaýnlary däl, eýsem meýdanlarda bökdençsiz logistikany üpjün edýän ýöriteleşdirilen kömekçi ulaglary hem öz içine alýar. Welaýatlara ýygnalan galla hasylyny nokatlara çalt daşamak üçin kuwwatly ýük awtoulaglary hem-de döwrebap ýangyç daşaýjy tehnikalar ugradyldy. Bu täze enjamlaryň önümçilige ornaşdyrylmagy daýhanlaryň zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Galla oragy baradaky çäreler bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Hökümeti agrosenagat toplumynyň sanly düzümini ösdürmäge hem aýratyn üns berýär. Hususan-da, Döwlet ýer maglumatlarynyň ýeke-täk döwlet geomaglumatlar ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça yzygiderli ädimler ädilýär. Bu ulgamyň kämilleşdirilmegi ekilýän ýerleriň hasabyny has takyk ýöretmäge we oba hojalyk işlerini döwlet derejesinde meýilleşdirmäge ýardam eder.

Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ýer serişdeleri gullugynyň hünärmenleriniň iş netijeliligini we hereketjeňligini ýokarlandyrmak maksady bilen, «Toyota» kysymly ýeňil awtoulaglaryň tapgyry satyn alyndy. Ulag serişdelerinden başga-da, degişli gulluk döwrebap ugurdaş enjamlar we ölçeg gurallary bilen üpjün edildi. Pudagyň maddy binýadynyň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagy oba hojalygyny innowasion ösüş ýoluna geçirmek ugrundaky aladalaryň aýdyň beýanydyr.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy

24 Okt. 13:11

Çeşme

Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.

Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.

Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌