Oýun sanawy


Önümçilik ösüşi: Babadaýhan dokma toplumy ýarym ýylda 140 million manatdan gowrak önüm öndürdi
30 Iýul. 13:53Babadaýhan dokma toplumynda 2026-njy ýylyň ilkinji alty aýynda 140 million 858 müň manatlykdan gowrak önüm öndürildi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende önümçiligiň 130,1 göterimden gowrak artandygyny aňladýar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.
Döwrebap kärhana ýylda 3 müň 300 tonna ýokary hilli ýüplük, 20 million inedördül metr dürli matalary öndürmäge ukyplydyr. Şeýle hem toplumda 18 million inedördül metr matany boýamaga we 3 million 500 müň sany taýýar tikin önümlerini öndürmäge doly mümkinçilik bar.
Kärhanada öndürilýän 31/1, 51/1, 68/1 belgili nah ýüplükler we 85/1 belgili inçe daralan ýüplükler hyrydarlar tarapyndan uly islege eýedir. Ýerli pagta çig malyndan öndürilýän bu önümler halkara standartlaryna doly gabat gelýär hem-de eksport ugurly harytlar bolup durýar.
Ýylyň başyndan bäri ekologiýa talaplaryna we dünýä ölçeglerine laýyk gelýän «Mäne» haryt nyşanly taýýar tikin önümleri sarp edijilere yzygiderli ugradyldy. Önümleriň tartyply bir bölegi Dokma senagaty ministrliginiň ýöriteleşdirilen dükanlary we söwda nokatlary arkaly ilata ýetirilýär.
Şeýle hem okanyň


Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy
26 Okt. 10:04Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.
Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.
Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.