Oýun sanawy


Türkmenistanda dini we ýazky baýramlar mynasybetli dört günlük dynç alyş kesgitlenildi
17 Mart. 04:25Serdar Berdimuhamedow tarapyndan degişli Perman kabul edilip, Oraza baýramy hem-de Milli bahar baýramy mynasybetli birnäçe dynç günleri resmi taýdan tassyklanyldy.
Bu çözgüt halkyň jebisligini berkitmäge, gadymy däp-dessurlary dowam etdirmäge we ruhy gymmatlyklary gorap saklamaga gönükdirilendir. Şeýle-de, raýatlaryň baýramlary ýokary derejede belläp, amatly ýagdaýda dynç alyp bilmekleri üçin şertler döretmek göz öňünde tutulýar.
Resminama laýyklykda, 2026-njy ýylda Oraza baýramy 20-nji martda belleniler. 22-nji martdaky dynç güni bolsa 23-nji marta — duşenbe gününe geçirildi. Şeýlelikde, 20–23-nji mart aralygy doly dynç günleri hökmünde yglan edildi.
Watan habarlar gepleşiginde aýdylmagyna görä, bu kararyň ýerine ýetirilmegi ähli edaralar we kärhanalar üçin hökmanydyr.
Şeýle hem okanyň


«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar
24 Okt. 12:11Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.
Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.
Şeýle hem okanyň