Oýun sanawy

Türkmen kino sungatynyň eserleri Türkiýedäki halkara festiwalynda uly üstünlik gazandylar

13 Maý. 04:43

Çeşme

Türkiýäniň Izmir şäherinde geçirilen «Turan» halkara kinofestiwalynda türkmen kinematografiýaçylarynyň döreden eserleri ýokary baýraklara mynasyp boldy. Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň hem-de «Mahabat» müdirliginiň taýýarlan filmleri türkmen kino sungatynyň häzirki zaman derejesini dünýä jemgyýetçiligine tanyşdyrdy. Festiwalyň netijeleri boýunça ýurdumyzyň wekilleri abraýly «Gyzyl alma» baýraklarynyň birnäçesini eýelemegi başardylar.

Bäsleşigiň netijesinde režissýor Batyr Batyrowyň «Ýeňişli ädimler» atly doly göwrümli çeper filmi «Iň gowy çeper film» diýlip ykrar edildi. Şol bir wagtda, Mekan Gurbanalyýewiň «Mähir terbiýesi» atly eseri gysga göwrümli filmleriň arasynda iň gowusy diýlip saýlandy. Bu baýraklar türkmen kinorežissýorlarynyň çeperçilik ussatlygynyň we döredijilik gözlegleriniň halkara derejesindäki ykrarnamasydyr.

Multfilm žanrynda hem ýurdumyz ýokary netije görkezdi: režissýor Röwşen Welmiýewiň «Meniň oýnum» atly animasiýa eseri eminler toparynyň ýörite baýragyna eýe boldy. Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi hem-de TÜRKSOÝ tarapyndan guralan bu iri çärä 90-dan gowrak döwletden 2000-den gowrak film gatnaşdy. Şeýle uly bäsleşigiň içinde türkmen filmleriniň öňe saýlanmagy milli kinematografiýanyň uly kuwwata eýedigini subut edýär.

Festiwalyň esasy maksady türk halklarynyň medeni gymmatlyklaryny dünýä ýaýmakdan we doganlyk ýurtlaryň arasyndaky döredijilikli gatnaşyklary berkitmekden ybarat boldy. Kinoforumyň çäklerinde geçirilen görkezilişler türkmen sungatynyň baý mirasyny we häzirki zaman gazananlaryny açyp görkezdi. Alynan baýraklar türkmen kinosynyň dünýä kinematografiýasynda özüne mynasyp orun tutýandygynyň aýdyň güwäsidir.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar

24 Okt. 12:11

Çeşme

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.

Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌