Oýun sanawy


«Altyn Nesil» hojalyk jemgyýeti döwlet ähmiýetli uly taslama üçin hünärmenleri işe kabul edýär
04 Iýun. 07:59Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrliginiň buýurmasy esasynda «Altyn Nesil» hojalyk jemgyýeti tarapyndan gurluşygy alnyp barylýan uzynlygy 207 kilometrlik “Türkmenbaşy – Garabogaz – Gazagystan serhedi” awtomobil ýolunyň gurluşyk işleri yzygiderli dowam edýär. Şondan ugur alyp, kompaniýa gurluşyk işleriniň möçberiniň artmagy hem-de döwrebap ýörite tehnikalaryň sanynyň köpelmegi sebäpli köp sanly hünärmenleri işe kabul edýändigini yglan edýär. Taslamany üstünlikli durmuşa geçirmek üçin häzirki wagtda KAMAZ we SHACMAN kysymly agdaryjy awtoulaglaryň sürüjileri, greýder operatorlary, awtokran operatorlary, asfalt düşeýjileriň operatorlary hem-de ýükleýji tehnikalaryň operatorlary talap edilýär.
Kompaniýa işgärlerine täze döwrebap tehnikalarda işlemäge şert döredýär we hünär derejesine hem-de ýerine ýetirilen işleriň möçberine baglylykda 5000-den 10000 manada çenli ýokary zähmet hakyny kepillendirýär. Iş tejribesi bolan, tehniki taýdan sowatly we tertip-düzgünli hünärmenlere resmi iş üpjünçiligi, durnukly iş şertleri hem-de aýlyk zähmet haklarynyň wagtynda bökdençsiz tölenilmegi hödürlenilýär. Döwlet ähmiýetli iri taslamada işlemäge isleg bildirýän hünärmenler +993 64 319001 ýa-da +993 64 508788 telefon belgileri arkaly habarlaşyp bilerler.
Şeýle hem okanyň


«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar
24 Okt. 12:11Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.
Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.
Şeýle hem okanyň