Oýun sanawy


Arkadag şäheriniň «Jahan» merkezi döredijilik we sport ugruny utgaşdyrar
05 Aprel. 05:45Täze gurlan Arkadag şäherinde ýerleşýän «Jahan» döredijilik merkeziniň maddy-tehniki binýadyny we iş ugruny düýpli giňeltmek meýilleşdirilýär. Täze taslama laýyklykda, bu ýerde diňe bir sungat we bilim däl, eýsem köpşahaly sport düzümleri hem dörediler. Merkezde fitnes zallarynyň, açyk we ýapyk sport meýdançalarynyň gurulmagy, şeýle hem çagalara dizaýn we marketing ýaly döwrebap hünärleriň öwredilmegi göz öňünde tutulýar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň dowamynda bu merkeziň täze konsepsiýasy tanyşdyryldy. Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldawy bilen amala aşyrylýan bu taslamada sagdyn durmuş ýörelgelerine aýratyn orun berler. Hususan-da, merkezde ýoga, saýkl we beýleki beden taplaýjy maşklar bilen meşgullanmak üçin ýöriteleşdirilen otaglar hereket eder.
Merkeziň bilim mümkinçilikleri hem ep-esli ýokarlanar. Lingafon otaglarynda daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwrenmek üçin ähli şertler dörediler. Şunda diňe bir çagalar däl, eýsem olaryň ata-eneleri üçin hem peýdaly dynç alyş we ösüş mümkinçilikleriniň döredilmegi meýilleşdirilýär. Täze ugurlaryň goşulmagy bilen, bu desgany «Jahan» döredijilik we sport merkezi diýip atlandyrmak baradaky teklip Milli Lider tarapyndan oňlandy.
Gepleşikleriň dowamynda çagalaryň höwes edýän hünärlerine ugrukdyrylmagynyň we olaryň islegleriniň yzygiderli öwrenilmeginiň ähmiýeti nygtaldy. Döredijilik we sport merkezi ýaş nesliň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegine, zehinleriniň ýüze çykarylmagyna we saglygynyň berkidilmegine hyzmat edýän nusgalyk edara bolar. Bu başlangyç Arkadag şäheriniň durmuş infrastrukturasyny has-da kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
Şeýle hem okanyň


Türkmen alabaýynyň baýramynda iki hünärmene «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at dakyldy
26 Okt. 07:21Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli baýramçylyk bolan Türkmen alabaýynyň güni mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakmak baradaky degişli Permana gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu resminama milli itşynaslyk mekdebiniň köpasyrlyk däplerini saklamakda hem-de türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly hyzmatlary bitiren zähmetkeşleri sarpalamaga gönükdirilendir.
Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, alabaý itlerini ylmy esasda saklamakda, köpeltmekde we olaryň tohum arassalygyny goramakda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal hem-de göreldeli zähmeti göz öňünde tutulyp, iki raýata bu ýokary döwlet ady gowşuryldy. Şunlukda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň uly tehnigi Begmyrat Halwatjanow hem-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby bölüminiň it idedijisi Parahat Bäşimow bu mukaddes ada mynasyp görüldiler.
Ata-babalarymyzdan miras galan türkmen alabaýlary halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Häzirki wagtda ýurtda alabaýlaryň baş sanyny artdyrmak, olary halkara derejede wagyz etmek we harby hem-da hukuk goraýjy edaralarda gulluk itleri hökmünde netijeli ulanmak boýunça giň göwrümli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.