Oýun sanawy


«Magtymguly Pyragy» atly film Bolgariýadaky halkara festiwalda baş baýragy aldy
19 Sen. 11:23Türkmenistan bilen Özbegistanyň bilelikde düşüren çeper filmi «Magtymguly Pyragy» Bolgariýada geçirilen XIII Halkara kino festiwalynyň iň ýokary baýragyna mynasyp boldy. Bu barada ussatnews.com habar berýär.
Bu film soňky bir ýylyň dowamynda birnäçe halkara baýragyna eýe boldy. Londonda we Kazanda baýraklar bilen sylaglanan bu film, şeýle hem Gorkut ata adyndaky IV halkara kino festiwalynda iň gowy çeper film hökmünde ykrar edildi.
Film XVIII asyra degişli wakalary beýan edýär. Onda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömri, Buharadaky Kukeldaş we Hiwadaky Şergözihan medreselerinde bilim alşy görkezilýär.
Filmiň režissýory — Özbegistandan Muzaffar Erkinow. Magtymguly Pyragynyň keşbini türkmen aktýory Ahmet Amanmyradow janlandyrýar. Şahyr Azadynyň atasynyň — Dowletmämmet Azadynyň keşbini bolsa Türkmenistanyň halk artisti Çary Berdiýew ussatlyk bilen ýerine ýetirýär.
Filmiň Bolgariýadaky üstünligi diňe bir döredijilik toparynyň hünär derejesini däl, eýsem Türkmenistanyň we Özbegistanyň baý medeni mirasyna halkara derejesinde bildirilýän gyzyklanmanyň hem artýandygynyň subutnamasydyr.
Şeýle hem okanyň


Türkmen alabaýynyň baýramynda iki hünärmene «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at dakyldy
26 Okt. 07:21Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli baýramçylyk bolan Türkmen alabaýynyň güni mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakmak baradaky degişli Permana gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu resminama milli itşynaslyk mekdebiniň köpasyrlyk däplerini saklamakda hem-de türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly hyzmatlary bitiren zähmetkeşleri sarpalamaga gönükdirilendir.
Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, alabaý itlerini ylmy esasda saklamakda, köpeltmekde we olaryň tohum arassalygyny goramakda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal hem-de göreldeli zähmeti göz öňünde tutulyp, iki raýata bu ýokary döwlet ady gowşuryldy. Şunlukda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň uly tehnigi Begmyrat Halwatjanow hem-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby bölüminiň it idedijisi Parahat Bäşimow bu mukaddes ada mynasyp görüldiler.
Ata-babalarymyzdan miras galan türkmen alabaýlary halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Häzirki wagtda ýurtda alabaýlaryň baş sanyny artdyrmak, olary halkara derejede wagyz etmek we harby hem-da hukuk goraýjy edaralarda gulluk itleri hökmünde netijeli ulanmak boýunça giň göwrümli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.
Şeýle hem okanyň