Oýun sanawy
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygynyň öňüsyrasynda, Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyndaky mekdeplerde baýramçylyk çäreleri geçirildi. Bu çäreler ýaş nesli watansöýüjilik ruhunda terbiýelemäge we mekdep kitaphanalarynyň işini kämilleşdirmäge gönükdirildi.
Mekdepler her biri özboluşly çäreler bilen çykyş etdiler. 1-nji orta mekdepde "Azat Diýarym — Buýsanýan Watanym" atly goşgular bäsleşigi geçirildi. 2-nji mekdep "Garaşsyzlygyň altyn güýz şöhraty" atly ir säherlik çäre gurady. 8-nji mekdepde “Agzybirligiň we durnuklylygyň owazy” atly sergi görkezildi. 13-nji mekdepde bolsa “Bagtyýarlygym Garaşsyzlykdyr” ady bilen edebi agşam geçirildi.
Çärelerde ýaşlar ýurdumyzyň ösüşine, özgertmelere hem-de Halkyň Milli Lideri Gahryman Arkadagyň we hormatly Prezident Arkadagly Gahryman Serdaryň alyp barýan giň gerimli işlerine bagyşlanan çykyşlary bilen çykyş etdiler. Bu çäreler Garaşsyzlygyň ähmiýetini has-da içgin duýmaga mümkinçilik berdi.
Döwlet baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýän şeýle medeni çäreler jemgyýetçilik ruhuny we milli bitewüligi güýçlendirmäge hyzmat edýär.


Türkmen alabaýynyň baýramynda iki hünärmene «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at dakyldy
26 Okt. 07:21Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli baýramçylyk bolan Türkmen alabaýynyň güni mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakmak baradaky degişli Permana gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu resminama milli itşynaslyk mekdebiniň köpasyrlyk däplerini saklamakda hem-de türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly hyzmatlary bitiren zähmetkeşleri sarpalamaga gönükdirilendir.
Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, alabaý itlerini ylmy esasda saklamakda, köpeltmekde we olaryň tohum arassalygyny goramakda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal hem-de göreldeli zähmeti göz öňünde tutulyp, iki raýata bu ýokary döwlet ady gowşuryldy. Şunlukda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň uly tehnigi Begmyrat Halwatjanow hem-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby bölüminiň it idedijisi Parahat Bäşimow bu mukaddes ada mynasyp görüldiler.
Ata-babalarymyzdan miras galan türkmen alabaýlary halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Häzirki wagtda ýurtda alabaýlaryň baş sanyny artdyrmak, olary halkara derejede wagyz etmek we harby hem-da hukuk goraýjy edaralarda gulluk itleri hökmünde netijeli ulanmak boýunça giň göwrümli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.
Şeýle hem okanyň