Oýun sanawy


Aşgabatda «Oskar» baýragynyň eýesi bolan «Akym» animasion filminiň hünärmenleri bilen duşuşyk bolar
11 Maý. 10:102026-njy ýylyň 17-nji maýynda Türkmenistanyň paýtagtynda dünýä belli «Akym» (Flow, 2024) multfilminiň döredijilik toparynyň gatnaşmagynda täsirli ussatlyk sapagy guralar. Latwiýaly režissýor Gints Zilbalodisiň bu kino eseri «Iň gowy doly metražly animasion film» ugry boýunça meşhur «Oskar» baýragyna mynasyp bolup, halkara derejesinde uly meşhurlyk gazandy. Şeýle hem, bu film Ýewropanyň iň gowy animasiýasy diýlip yglan edildi.
Ussatlyk sapagy «Arkaç» işewürlik merkezinde ýerleşýän «Art Nokady» sungat giňişliginde sagat 11:00-da başlar. Duşuşyga gatnaşmak isleýänler üçin ýörite onlaýn hasaba alyş ulgamy döredilip, gatnaşyjylaryň sanynyň çäklidigi (15 adama çenli) bellenilýär. Çäre täzeçil pikirli hünärmenleri we animasiýa sungatynyň muşdaklaryny bir ýere jemläp, häzirki zaman kino önümçiliginiň inçe syrlaryny öwrenmäge mümkinçilik berer.
«Akym» filmi takmynan 3,5 million ýewro býujet bilen garaşsyz hünärmenler topary tarapyndan taýýarlanyldy. Ol diňe bir owadan şekilleri bilen däl, eýsem az serişde harçlap, halkara derejesindäki ýokary sepgitlere ýetmegiň nusgalyk ýoly hökmünde dünýä kinosynda uly gyzyklanma döretdi. Film garaşsyz studiyalaryň we döredijilikli toparlaryň global bäsdeşlikde uly ýeňiş gazanyp biljekdigini subut etdi.
Duşuşygyň dowamynda 3D animasiýasynyň tehniki aýratynlyklary, amaly çözgütler we sanly tehnologiýalaryň kömegi bilen özboluşly eserleri döretmegiň ýollary barada gürrüň ediler. Myhmanlar kiçi döredijilikli toparyň dünýäniň iň abraýly kino baýragyna barýan taryhy ýoluny jikme-jik gürrüň bererler. Bu çäre ýurduň kino we animasiýa ulgamynda bilim alýan talyplar we ýaş hünärmenler üçin tejribe alyşmagyň möhüm meýdançasyna öwrüler.
Şeýle hem okanyň


Türkmen alabaýynyň baýramynda iki hünärmene «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at dakyldy
26 Okt. 07:21Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli baýramçylyk bolan Türkmen alabaýynyň güni mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakmak baradaky degişli Permana gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu resminama milli itşynaslyk mekdebiniň köpasyrlyk däplerini saklamakda hem-de türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly hyzmatlary bitiren zähmetkeşleri sarpalamaga gönükdirilendir.
Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, alabaý itlerini ylmy esasda saklamakda, köpeltmekde we olaryň tohum arassalygyny goramakda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal hem-de göreldeli zähmeti göz öňünde tutulyp, iki raýata bu ýokary döwlet ady gowşuryldy. Şunlukda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň uly tehnigi Begmyrat Halwatjanow hem-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby bölüminiň it idedijisi Parahat Bäşimow bu mukaddes ada mynasyp görüldiler.
Ata-babalarymyzdan miras galan türkmen alabaýlary halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Häzirki wagtda ýurtda alabaýlaryň baş sanyny artdyrmak, olary halkara derejede wagyz etmek we harby hem-da hukuk goraýjy edaralarda gulluk itleri hökmünde netijeli ulanmak boýunça giň göwrümli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.