Oýun sanawy

Malaýziýanyň PETRONAS kompaniýasy sebitde netijeliligi ýokarlandyrmak üçin emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrýar

23 Okt. 10:37

Çeşme

«Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025» atly XXX halkara maslahatynyň çäklerinde Malaýziýanyň PETRONAS kompaniýasynyň wise-prezidenti Mohd Redhani bin Abdul Rahman çykyş etdi. Ol korporasiýanyň strategiki ugurlary, täze tehnologiýalar arkaly hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak we Türkmenistandaky köpýyllyk işini has-da berkitmek boýunça meýilnamalary barada giňişleýin maglumat berdi.

PETRONAS-yň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, kompaniýa häzirki wagtda ähli önümçilik ulgamyna emeli aň (EA) tehnologiýalaryny işjeň ornaşdyrýar. EA çözgütleri kompaniýanyň uglewodorodlary gözlemek we çykarmak boýunça işleriniň aýrylmaz bölegine öwrülip, burawlamany optimizirlemäge, gatlagyň özüni alyp barşyny öňünden çaklamaga, netijeliligi ýokarlandyrmaga hem-de iň esasysy – önümçilik howpsuzlygynyň ýokary derejesini üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

Mohd Redhani bin Abdul Rahman Türkmenistandaky geljekki mümkinçiliklere aýratyn üns berip, şu ýyl PETRONAS-yň «Hazarnebit» milli kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek mümkinçiligine seredýändigini aýtdy. Onuň bellemegine görä, bu hyzmatdaşlyk diňe bir PETRONAS-yň Hazar deňzindäki ilkinji deňiz operatory hökmünde toplany baý tejribesine däl, eýsem öňdebaryjy sanly tehnologiýalaryň bilelikdäki taslamalara ornaşdyrylmagyna hem ýol açar.

«Bilelikdäki işler serişdeleriň özleşdirilmegini güýçlendirer, bu bolsa PETRONAS-yň türkmen bazaryna uzak möhletleýin wepalylygyny görkezýär» diýip, wise-prezident nygtady. «Biz geljegi tejribe bilen innowasiýalaryň sazlaşygynda we iň häzirki zaman sanly çözgütleriň ornaşdyrylmagynda görýäris».

Şeýlelikde, PETRONAS diňe bir önümçilik paýlaşyk şertnamasynyň 2050-nji ýyla çenli uzaldylmagy arkaly öz işini dowam etdirmek bilen çäklenmän, eýsem innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy we netijeliligi ýokarlandyrmak arkaly sebitdäki strategiki ornuny has-da pugtalandyrmagy maksat edinýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi

Bugün 09:12

Çeşme

«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.

Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.

Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌