Oýun sanawy


Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda rekord derejeli geleşikler hasaba alyndy
31 Mart. 07:57Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalary diňe bir işjeňligi bilen däl, eýsem geleşikleriň ummasyz möçberi bilen hem tapawutlandy. Jemi 53 sany halkara we içerki geleşik hasaba alnyp, olar ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň durnukly ösýändigini ýene bir gezek subut etdi. Bu söwdalar türkmen önümlerine dünýä bazarynda bolan uly gyzyklanmanyň nobatdaky görkezijisidir.
Daşary ýurtly işewür toparlarynyň gatnaşmagynda baglaşylan geleşikleriň umumy bahasy 350 million 748 müň ABŞ dollaryndan geçdi. BAE, Türkiýe, Owganystan, Gruziýa we Özbegistan ýaly ýurtlaryň wekilleri esasan nebit-himiýa önümlerine, hususan-da, polipropilene, binýatlyk ýaglara we awtoulag benzinine uly isleg bildirdiler. Şonuň bilen birlikde, Singapuryň telekeçileri ýurdumyzda öndürilen karbamidi satyn almak bilen, türkmen himiýa senagatynyň önümleriniň halkara bazardaky ornuny berkitdiler.
Eksport amallarynyň diňe bir energetika we himiýa pudagy bilen çäklenmän, eýsem ýeňil senagaty we oba hojalyk önümlerini hem öz içine almagy guwandyrýar. BAE-niň, Türkiýäniň we Azerbaýjanyň işewürleri tarapyndan satyn alnan bugdaý uny, dokma önümleri, lukmançylyk pamygy we nah ýüplükler ýurdumyzyň gaýtadan işleýän senagatynyň ýokary hil derejesini görkezýär. Bu bolsa ykdysadyýetiň diwersifikasiýa ýoly bilen ösýändiginiň aýdyň nyşanydyr.
Ýerli telekeçiler hem içerki bazar üçin harytlary satyn almakda ýokary işjeňlik görkezdiler. Jemi bahasy 269 million 30 müň manada deň bolan geleşikleriň çäginde polipropilen, ýangyç we gaplaýyş serişdeleri ýaly möhüm önümler satyn alyndy. Şeýlelikde, döwlet biržasyndaky söwdalar hem eksporty goldamakda, hem-de ýurduň içerki önümçilik we sarp ediş isleglerini kanagatlandyrmakda esasy ykdysady gural hökmünde hyzmat etmegini dowam etdirýär.
Şeýle hem okanyň


Russiýa Federasiýasy 2026-2027-nji okuw ýyly üçin Türkmenistanyň raýatlaryna 500 sany býujet ornuny bölüp berdi
Bugün 08:31Russiýa Federasiýasynyň Hökümeti 2026-2027-nji okuw ýylynda ýurduň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak üçin Türkmenistanyň raýatlaryna 500 sany mugt býujet ornuny bölüp berdi. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan Wolynkin «Русский ГлаголЪ» halkara edebi bäsleşiginiň metbugat gullugyna beren interwýusynda habar berdi. Diplomatyň bellemegine görä, türkmen ýaşlarynyň Russiýanyň ÝOKM-lerinde bilim almaga bolan gyzyklanmasy ýyldan-ýyla artýar we mekdep döwründe alnan rus dili bilimi talyplar üçin esasy artykmaçlyklaryň biri bolup durýar.
Russiýanyň ilçisiniň düşündirişi ýaly, rus dilini bilmek täze talyplara dil bökdençliklerini aňsatlyk bilen ýeňip geçmäge, göni öz hünär Sapaklaryna ünsy jemlemäge hem-da talyp durmuşyna çalt uýgunlaşmaga uly kömek edýär. Wolynkin Russiýanyň ýokary bilim hakyndaky diplomlarynyň lukmançylyk, inženerçilik, maglumat tehnologiýalary, ykdysadyýet, halkara gatnaşyklary we ynsanperwer ylymlary boýunça giň mümkinçilikleri açýandygyny nygtady. Talyplar bilim alýan döwründe iri ylmy taslamalara we önümçilik tejribeliklerine gatnaşyp, geljekde alnan çeňňek bilimlerini öz Watanynyň ösüşiniň bähbidine peýdalanmak üçin yza dolanýarlar.
Şeýle hem diplomat Aşgabat şäherindäki «Rus öýüniň» alyp barýan işjeň çäreleri barada durup geçdi. Bu meýdançada ýylboýy Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmek şertleri barada yzygiderli onlaýn-seminarlar we tegelek stol söhbetdeşlikleri guralýar. Ýaňy-ýakynda, oktýabr aýynda ol ýerde Moskwanyň öňdebaryjy uniwersitetleriniň wekilleriniň A.S.Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus orta mekdebiniň ýokary synp okuwçylary bilen duşuşygy geçirilip, okuwa girmek mümkinçilikleri giňden wagyz edildi.