Oýun sanawy

«Emirates» awiakompaniýasy ýolagçylar üçin dünýäde ilkinji gezek harby töwekgelçilikleri öz içine alýan toplumlaýyn ätiýaçlandyryşy hödürledi

21 Iýun. 13:44

Çeşme

«Emirates» awiakompaniýasy «Travel Guard» ätiýaçlandyryş guramasy bilen strategik hyzmatdaşlykda «2026 Emirates Comprehensive Travel Cover» atly dünýäde deňi-taýy bolmadyk täze hyzmat toplumyny ulanmaga girizdi. Bu taslama sebitdäki harby hereketler, howp-hatarlar we garaşylmadyk hüjümler zerarly ýüze çykyp biljek lukmançylyk çykdajylaryny hem-de halkara syýahatlardaky bökdençlikleri doly kepillendirýän dünýädäki ilkinji syýahatçylyk ätiýaçlandyryş programmasydyr.

Täze taslama aýratyn-da Pars aýlagy we Ýakyn Gündogar sebitine uçýan halkara syýahatçylaryň hem-de işewürleriň ynamyny gaýtadan dikeltmäge gönükdirilendir. Sebitde syýasy ýagdaýlaryň ýitileşmegi zerarly jahankeşdeler biletlerini we meýilnamalaryny köpçülikleýin ýatyrýardylar. Munuň esasy sebäbi adaty ätiýaçlandyryş polisleriniň uruş we asly amala aşyryp bolmajak güýçler (forse-mažor) ýagdaýynda maliýe kömegini bermezligidir. Täze polis bolsa resmi döwlet duýduryşlaryna garamazdan, aşakdaky görlüp-eşidilmedik şertleri kepillendirýär:

Harby töwekgelçilikleri goldamak: Harby amallaryň çäginde ýaralanan ýa-da ejir çeken ýolagçynyň 25 000 dollara çenli bejergi çykdajylary doly ötelýär we adatdan daşary ýagdaýlarda onuň syýahat möhleti 30 güne çenli mugt uzadylýar.

Çäksiz gyssagly göçürme: Howp astyndaky ýurtdan raýatlary we ýolagçylary gyssagly ewakuasiýa etmek (çykarmak) üçin limitsiz maliýe serişdesi kepillendirilýär.

Howa giňişliginiň ýapylmagy: Konfliktler sebäpli howa ýollary ýapylsa, «Emirates» ýolagçylaryň myhmanhana we biletleri mugt täzeden bronlamak çykdajylaryny öz üstüne alýar.

Doly maliýe öwezini dolma: Gatnawlar (reysler) doly ýatyrylan ýagdaýynda bilet pullary ýa-da ýitirilen goşlar üçin 100% töleg amala aşyrylyp berilýär.

Awiakompaniýa özüniň halkara gerimi we güýçli döwlet goldawy esasynda bu töwekgelçilikli şertleri kabul etmegi başardy we dünýä awiasiýa bazarynda täze bäsdeşlik zynjyryny başlatdy. Munuň netijesinde, bäsdeş kompaniýa bolan «Etihad Airways» eýýäm daşary ýurtly ýolagçylara 15 günläp mugt lukmançylyk kömegini berip başlan bolsa, «Qatar Airways» hem ýakyn wagtda şuňa meňzeş meýilnamany durmuşa geçirmegi meýilleşdirýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Türkmen alabaýynyň baýramynda iki hünärmene «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at dakyldy

26 Okt. 07:21

Çeşme

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli baýramçylyk bolan Türkmen alabaýynyň güni mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakmak baradaky degişli Permana gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu resminama milli itşynaslyk mekdebiniň köpasyrlyk däplerini saklamakda hem-de türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly hyzmatlary bitiren zähmetkeşleri sarpalamaga gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, alabaý itlerini ylmy esasda saklamakda, köpeltmekde we olaryň tohum arassalygyny goramakda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal hem-de göreldeli zähmeti göz öňünde tutulyp, iki raýata bu ýokary döwlet ady gowşuryldy. Şunlukda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň uly tehnigi Begmyrat Halwatjanow hem-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby bölüminiň it idedijisi Parahat Bäşimow bu mukaddes ada mynasyp görüldiler.

Ata-babalarymyzdan miras galan türkmen alabaýlary halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Häzirki wagtda ýurtda alabaýlaryň baş sanyny artdyrmak, olary halkara derejede wagyz etmek we harby hem-da hukuk goraýjy edaralarda gulluk itleri hökmünde netijeli ulanmak boýunça giň göwrümli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌