Oýun sanawy
“Arkadag Med Cluster” çaga iýmiti — WorldFood Moscow 2025 sergisiniň altyn medaly bilen sylaglanyldy
02 Okt. 06:032025-nji ýylyň 16–19-njy sentýabry aralygynda Moskwada geçirilen halkara azyk senagaty sergisinde — WorldFood Moscow 2025-de türkmen kärhanasy Arkadag Medisina Klasteri Menejment tarapyndan öndürilen çagalar şülesi Arkadag Med Cluster iň ýokary baýrak bolan altyn medala mynasyp boldy. Bu üstünlik diňe bir ýurdumyzyň öndürijileriniň ýokary hilini görkezmän, eýsem olaryň dünýä bazarynda-da öz ornuny tapyp bilýändigini görkezdi.
WorldFood Moscow — her ýyl geçirilýän we dünýäniň dürli ýurtlaryndan müňlerçe kompaniýany jemleýän abraýly sergileriň biridir. Bu ýylky sergä müňden gowrak kompaniýa gatnaşdy. Sergi diňe bir täze önümleri hödürleýän meýdança bolman, eýsem işewür hyzmatdaşlyklary döretmekde we täze tehnologiýalary ornaşdyrmakda möhüm orny eýeleýär.
Arkadag şäherinde döredilen Arkadag Medisina Klasteri häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen, halkara standartlaryna laýyk gelýän önümçiligi ýola goýýan giň gerimli merkezdir. “Arkadag Med Cluster” markasy bilen öndürilýän çagalar däneleri tebigy düzümi, howpsuzlygy we deňagramly resepti bilen tapawutlanýar. Kärhana geljekde önümçiligini giňeldip, witaminleri hem-de çagalar üçin funksional iýmit görnüşlerini bazara çykarmagy meýilleşdirýär.
Bäsleşigiň eminler topary önümiň innowasion çemeleşmesini, ýokary hil derejesini we häzirki döwrüň ene-atalarynyň talaplaryna laýyk gelýändigini belledi. Altyn medal diňe bir kärhananyň däl, eýsem tutuş ýurdumyzda azyk senagatynyň ösüşiniň hem beýany boldy.
Moskwada gazanylan bu üstünlik Arkadag Med Cluster markasynyň halkara derejede tanalmagyna ýol açyp, ýurdumyzyň öndürijileriniň dünýä bazarynda-da üstünlik gazanyp biljekdigini subut etdi.
Şeýle hem okanyň


Türkmen alabaýynyň baýramynda iki hünärmene «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at dakyldy
26 Okt. 07:21Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli baýramçylyk bolan Türkmen alabaýynyň güni mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakmak baradaky degişli Permana gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu resminama milli itşynaslyk mekdebiniň köpasyrlyk däplerini saklamakda hem-de türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly hyzmatlary bitiren zähmetkeşleri sarpalamaga gönükdirilendir.
Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, alabaý itlerini ylmy esasda saklamakda, köpeltmekde we olaryň tohum arassalygyny goramakda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal hem-de göreldeli zähmeti göz öňünde tutulyp, iki raýata bu ýokary döwlet ady gowşuryldy. Şunlukda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň uly tehnigi Begmyrat Halwatjanow hem-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby bölüminiň it idedijisi Parahat Bäşimow bu mukaddes ada mynasyp görüldiler.
Ata-babalarymyzdan miras galan türkmen alabaýlary halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Häzirki wagtda ýurtda alabaýlaryň baş sanyny artdyrmak, olary halkara derejede wagyz etmek we harby hem-da hukuk goraýjy edaralarda gulluk itleri hökmünde netijeli ulanmak boýunça giň göwrümli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.
Şeýle hem okanyň