Oýun sanawy

Türkmenistanyň ylmy abraýy: türkmen talyby halkara bäsleşikde ýeňiji boldy

26 Dek. 08:11

Çeşme

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet pedagogika institutynyň talyby Mukam Saryýew Russiýa Federasiýasynda geçirilen New Science Award 2025 atly halkara ylmy bäsleşikde üstünlikli çykyş edip, Türkmenistanyň adyna abraý getirdi.

«Biologiýa» hünäri boýunça dördünji ýyl talyp bolan Mukam Saryýew ylmy barlag işi üçin birinji derejeli diplom bilen sylaglandy. Bu üstünlik Türkmenistanyň ýaş alymlarynyň ýokary taýýarlyk derejesini we ýurduň ylmy mümkinçilikleriniň artýandygyny görkezýär.

Bäsleşigiň netijeleri boýunça türkmen talybynyň ylmy işi halkara bäsleşigiň ýeňijileriniň ylmy makalalar ýygyndysyna girizildi. Şeýle-de bu iş bäsleşigiň ýörite arhiwinde ýerleşdirilip, Türkmenistanyň halkara ylmy giňişligindäki ornuny pugtalandyrdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi

Bugün 09:12

Çeşme

«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.

Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.

Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌