Oýun sanawy


Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde türkmen edebiýatyny öwreniş ylmynyň düýbüni tutujylaryň biri, Magtymguly adyndaky Halkara baýragyň eýesi, meşhur alym Mäti Köseýewiň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli «Mäti Köseýew — edebiýaty öwreniji alym» atly ylmy-döredijilik maslahaty geçirildi. Bu ähmiýetli çärä ýurduň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň, şol sanda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň we Türkmen döwlet medeniýet institutynyň professor-mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar.
Maslahatyň dabaraly bölegi «Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025–2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» bir ýyllygy mynasybetli yglan edilen kitap okamak bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy bilen başlandy. Soňra çykyş edenler Mäti Köseýewiň türkmen halk döredijiligini we nusgawy edebiýatyny ylmy esasda öwrenmekde bitiren hyzmatlaryna ýokary baha berdiler. Alymyň 1959-njy ýylda uniwersitetiň ýanynda Magtymguly Pyragy muzeýiniň döredilmegine goşan şahsy goşandy aýratyn nygtaldy.
Ylmy maslahatda bellenilişi ýaly, Mäti Köseýewiň Baýram han, Döwletmämmet Azady, Magtymguly Pyragy, Kemine we Mollanepes ýaly beýik şahsyýetleriň döredijiligine bagyşlanan ylmy işleri häzirki wagtda hem iň ygtybarly çeşme bolup hyzmat edýär. Ol «Gorkut ata», «Görogly» eposlarynyň we birnäçe meşhur dessanlaryň toplanyp, halka ýetirilmeginde äkan zähmet siňdirdi. Professor Köseýew, aýratyn-da, Magtymguly Pyragynyň şygyrýet dünýäsini içgin öwrenen we onuň eserlerini neşir etmäge taýýarlan ussat alym hökmünde taryha girdi.
Döredijilik duşuşygynyň dowamynda Mäti Köseýewiň mugallymçylyk we halypalyk mekdebi barada hem gyzykly ýatlamalar diňlenildi. Onuň ýolbaşçylygynda onlarça zehinli edebiýatçy alymlaryň, žurnalistleriň we mugallymlaryň kemala gelendigi bellenildi. Maslahat talyplaryň ýerine ýetirmegindäki edebi-çeper kompozisiýalar we aýdym-sazly çykyşlar bilen dowam etdi. Çäräniň çäginde guralan kitap sergisi gatnaşyjylara alymyň baý ylmy mirasyny ýakyndan öwrenmäge mümkinçilik berdi.
Şeýle hem okanyň


Magtymguly adyndaky TDU-da görnükli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň 120 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi
Bugün 07:13Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde görnükli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli «Ýagşyny ýatlap...» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Uniwersitetiň resmi internet saýtynda habar berlişi ýaly, çäre ýazyjynyň baý edebi mirasyny wagyz etmäge hem-da «Şükür bagşy» filmininde baş keşbi janlandyran tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýewiň ýagty ýadygärligini hatyralamaga bagyşlandy. Duşuşyga Ylymlar akademiýasynyň alymlary, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Döredijilik çäresiniň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri we alymlary Nurmyrat Saryhanowyň döredijilik ussatlygy hem-da eserleriniň golýazma mirasy barada çykyş etdiler. Şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda TDU-da mugallymçylyk eden professor Amandurdy Handurdyýewiň milli kino sungatyna we ylym älemine goşan uly goşandy aýratyn nygtaldy.
Sazlaşykly geçen duşuşykda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary «Şükür bagşy» powesti esasynda edebi-sazly kompozisiýany ham-da «Gün hakynda ballada» atly çeper okaýşy köpçülige hödürlediler. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylary tarapyndan meşhur filmden mukamlar ýerine ýetirilip, çäre gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.