Oýun sanawy


Türkmenistanyň RII konferensiýasyna gatnaşmagy: Ylmy hyzmatdaşlygyň ösüşi
17 Okt. 10:472025-nji ýylyň 13–15 oktýabry aralygynda Sankt-Peterburg şäherindäki Russiýa Sungatyň taryhy institutynda (RII) «Ýewraziýanyň medeni mirasy: kolleksiýalaşdyrmak, saklamak, öwrenmek we häzirki wagtda peýdalanmak» atly halkara ylmy-amaly konferensiýa geçirildi. Çärä Russiýadan, Özbegistandan, Türkmenistandan we beýleki ýurtlardan alymlar gatnaşdy.
Türkmenistan bu konferensiýada Türkmen döwlet medeniýet institutynyň wekili arkaly onlaýn görnüşde çykyş etdi. «Däp bolan sungat mirasy we organologiýa. Kollektsiýa we medeni ýat» atly seksiyada çykyş edilip, kinorežissýor Bulat Mansurowyň döredijilik mirasyna bagyşlanan tema bilen çykyş edildi. Çykyş halkara gatnaşyjylar tarapyndan gyzyklanma bilen garşylandy we onuň ähmiýeti tassyklanyldy.
Seksiýada saz gurallary, däp-dessurlar, muzeý mirasy we medeni ýat bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Özbegistandan (Darmanowa Mpaşhurahan, Ahmedow Jasurbek), Russiýadan (Glazunowa Naýila Nigmatowna) we beýleki ýurtlardan alymlar çykyş etdiler.
Konferensiýanyň aýratynlygyna laýyklykda sanly tehnologiýalaryň orny aýratyn nygtaldy. Onlaýn gatnaşygyň mümkinçilikleri, geografiki we maliýe päsgelçilikleri aradan aýyrmak arkaly ylmy hyzmatdaşlygy giňeltmäge ýardam etdi.
Türkmenistandan gatnaşygyň bu halkara forumda bolmagy ýurduň ylmy tejribesiniň dünýä ylmy giňişligine goşulmagyna we türkmen medeniýetiniň Ýewraziýa mirasyna goşandyna ünsi çekdi.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistandaly mekdep okuwçylary mental arifmetika boýunça dünýä çempionatynda uly üstünlik gazandylar
10 Sen. 11:395-7-nji sentýabr aralygynda Germaniýanyň Bilefeld şäherinde çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda mental hasaplamak boýunça dünýä çempionaty (Junior Mental Calculation World Championship 2026) geçirildi. Bu abraýly halkara bäsleşige Hytaý, Ýaponiýa, Germaniýa we Fransiýa ýaly dünýäniň 14 döwletinden 100-den gowrak iň zehinli okuwçylar gatnaşyp, iki sagadyň dowamynda çylşyrymly matematiki amallary diňe ýatdan çözmek boýunça bäsleşdiler.
Ýurt boýunça geçirilen saýlama tapgyrdan üstünlikli geçip, bäsleşige kabul edilen 12 sany türkmen okuwçysy halkara synagda ýokary netijeleri görkezdiler. Bäsleşikde Türkmenabat şäherindäki 41-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy hamana «Kämil Bilim» okuw merkeziniň uçurymy Mekan Nurgeldiýew Junior-1 kategoriýasynda 2477 bal toplap, dünýä boýunça 3-nji orny eýeledi. Şeýle hem ýurdumyzyň mental arifmetika boýunça milli rekordçysy Liwanur Berdiýewa Senior kategoriýasynda iň gowy 8 gatnaşyjynyň hataryna girdi.
Türkmenistanyň ýygyndy toparyna «Kämil bilim» merkeziniň mugallymlary Jahan Durdymämmedowa we Halym Annagurbanow ýolbaşçylyk etdiler. Türkmen okuwçylarynyň bu halkara ýaryşda eýeleýän ýokary orunlary eýýäm däp öwrülip, olar geçen ýyl hem iň gowy onlugyň hataryna girmegi başarypdyrlar.
Şeýle hem okanyň