Oýun sanawy


Türkmenistan Gazagystanyň halkara tranzit ugurlarynda möhüm orny eýeleýär
06 Ýan. 05:08Gazagystan halkara ýük daşamalaryny ösdürmekde Türkmenistan arkaly geçýän ugurlary geljegi uly mümkinçilik hökmünde görýär. Bu ugurlar Merkezi Aziýany Eýranyň üsti bilen deňiz portlary bilen baglanyşdyrmaga şert döredýär.
Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň bellemegine görä, ýurt «Bir guşak – bir ýol» başlangyjy, «Demirgazyk – Günorta» ugry we «Orta geçelge» hökmünde tanalýan Transkaspiy transport ulgamy ýaly iri taslamalarda işjeň gatnaşýar. Şolaryň çäginde Russiýa – Gazagystan – Türkmenistan – Eýran ugrunyň strategik ähmiýeti aýratyn nygtalýar.
Bu ulgamlarda Türkmenistan Merkezi Aziýa bilen günorta deňiz ugurlarynyň arasynda möhüm baglanyşdyryjy ýurt hökmünde çykyş edýär. Onuň tranzit mümkinçilikleri sebitiň logistik mümkinçiliklerini giňeltmäge ýardam berýär.
Prezident ulag-logistika pudagynyň ykdysadyýetiň ähli diýen ýaly ulgamlary bilen baglanyşyklydygyny belläp, bu ugurdaky ösüşiň toplumlaýyn çemeleşmäni talap edýändigini aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, Gazagystan döwrebap logistika merkezlerini gurmagy, portlary, howa menzillerini, demir ýol desgalaryny täzelämegi hem-de sanly ulgamlar arkaly halkara daşamalaryň, şol sanda Türkmenistan arkaly geçýän ugurlaryň netijeliligini ýokarlandyrmagy maksat edinýär.
Şeýle hem okanyň


92 ýaşynda ilkinji gezek agtykly bolan amerikan raýaty Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi
24 Okt. 09:04Massaçusets ştatynyň Gardner şäherinde doglan 96 ýaşly amerikaly Normand Tusinýan 92 ýaşap, 24 gün geçenden soň ilkinji gezek baba bolup, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Onuň bu seýrek rekordy resmi taýdan awgust aýynda, ýagny ýaşulynyň 96 ýaşyny belledigi döwürde ykrar edildi. Normandyň ýeke-täk agtygy Medison 2022-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda dünýä indi. Gyzy Kerriniň aýtmagyna görä, agtygynyň dünýä inmegi kakasyna hakyky manysynda täzeden ýaşaýyş we egsilmez ruhi kuwwat berdi. Mundan öňki rekord 91 ýaş we 209 günlük wagtynda ilkinji gezek ata/baba bolan awstraliýaly Çarlz Smite degişlidi.
Normand 17 çagaly katolik maşgalasynda ulalyp, zähmet ýolunyň köp bölegini kliniki psiholog hökmünde geçirdi. Ol 1985-nji ýylyň Söýgüliler gününde «The Washington Post» gazetiniň redaktory Meri Luiza bilen adagly bolup, bäş ýyldan soň olaryň Kerri atly gyzy dünýä indi. Şol wagt Normand tas 60 ýaşyndady. Pensiýa çykandan soň gyzynyň terbiýesi bilen esasan özi meşgullanan Normand elmydama yaş görünýändigi we ruhy taýdan juwandyggy bilen tapawutlanypdyr.
Häzirki wagtda Normand we Meri Luiza Demirgazyk Karolina ştatynyň Şarlott şäherinde ýaşaýarlar. Olar maşgala agzalaryna we ýakyn garyndaşlaryna has golaý bolmak maksady bilen Wirjiniýadan bu ýere göçüp geldiler. Ginnesiň rekordlar kitabyna giren 96 ýaşly baba öz wagtyny kitap okamak, tapmaçalar çözmek hem-da söýgüli agtygy we maşgalasy bilen bile geçirmekden uly lezzet alýar.
Şeýle hem okanyň