Oýun sanawy

Wladimir Putin Türkmenistana geldi

12 Dek. 05:55

Çeşme

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin şu gün Türkmenistana geldi. Bu sapar ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan giň möçberli çäreleriň çäginde geçirilýär.

Russiýanyň Lideri türkmen tarapynyň çakylygy boýunça Aşgabatda geçirilýän Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak forumyna gatnaşýar.

Bu sapar Türkmenistanyň we Russiýanyň arasyndaky ynanyşmagyň, hyzmatdaşlygyň hem-de özara hormatyň ýokary derejede alnyp barylýandygyny, ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalanyp barýandygyny aýdyň görkezýär.

















Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Emomali Rahmona gutlag hatyny ýollady

09 Sen. 06:24

Çeşme

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona we doganlyk täjik halkyna ýurduň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk toýy mynasybetli mähirli gutlaglaryny iberdi. «TDH» gullugynyň habar berşi ýaly, döwlet Baştutanymyz öz hatynda Täjigistanyň garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan uly üstünliklerini hem-de iki ýurduň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini aýratyn belledi.

Serdar Berdimuhamedow bilelikdäki tagallalaryň netijesinde dostlukly ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de çuňlaşdyryljakdygyna ynam bildirdi hamana Emomali Rahmona berk jan saglygy we bagtyýarlyk, Täjigistanyň halkyna bolsa parahatçylyk hem-de ösüş arzuw etdi. Ýatladyp geçsek, Täjigistan Respublikasy her ýylyň 9-njy sentýabrynda öz Döwlet garaşsyzlygy gününi dabaraly bellenip geçýär.