Oýun sanawy

Türkmenistanyň wekilleri Kabulda geçiriljek sebitara maslahata gatnaşarlar

15 Iýun. 11:35

Çeşme

16-njy iýunda Owganystanyň paýtagtynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjanyň wekilleriniň gatnaşmagynda sebit derejesindäki duşuşyk guralar. Bu çärede Türkmenistana hem wekilçilik ediler. Bu barada Owganystanyň «ToloNews» teleýaýlymyna salgylanyp, Azerbaýjanyň «Report» habarlar gullugy mälim edýär.

Maslahata Özbegistandan, Türkmenistandan, Täjigistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan we Azerbaýjandan barjak wekilleriň gatnaşmagyna garaşylýar. Çäräniň gün tertibine sebit howpsuzlygyny hem-de durnuklylygyny üpjün etmek, ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek we ýurtlaryň arasyndaky ulgamlaýyn baglanyşygy pugtalandyrmak ýaly möhüm meseleler girizildi.

Owganystanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu duşuşyk sebitara gatnaşyklary täze tapgyra çykarmagy, şeýle-de söwda, üstaşyr-ulag we maýa goýum ugurlaryndaky hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini giňeltmegi maksat edinýär.

















Türkmenistanyň ylmy wekiliýeti Baku şäherinde geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar

10 Sen. 10:48

Çeşme

Türkmen wekiliýeti Birinji türkologiýa sýezdiniň 100 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp Azerbaýjanda geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar. Bu abraýly bilim forumy 9-njy sentýabrda öz işine başlady diýip «AZERTAJ» agentligi habar berýär.

Bu çäre Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasy we Folklor instituty tarapyndan guramaçylykly geçirilib, oňa TİKA hem-de TÜRKSOÝ ýaly halkara guramalar goldaw berýär. Maslahata Türkmenistan bilen bir hatarda Türkiýeden, Gazagystandan, Ýaponiýadan, Germaniýadan we beýleki onlarça ýurtdan wekiller gatnaşýarlar.

Halkara çäräniň gidişinde Ýewraziýa sebitiniň taryhy we medeni ösüşinde möhüm orun eýeleýän Altaý halklarynyň siwilizasiýa mirasy, taryhy hem-de medeniýeti barada giňişleýin pikir alşylýar.

Dört güne niýetlenen bu simpoziumyň çäklerinde dünýäniň 15 ýurdundan gelen alymlaryň we hünärmenleriň 121 sany ylmy hasabaty diňleniler.