Oýun sanawy

Türkmenistanyň ilçisi Hytaýyň Uhan şäherinde 27 döwletiň we halkara guramanyň adyndan çykyş etdi

25 Iýun. 13:10

Çeşme

Şu ýylyň 24-nji iýunynda Hytaý Halk Respublikasynyň Uhan şäherinde «Hubeý – açyklygyň içerki merkezi we strategik öwrülme» diýen simwoliki at bilen giň gerimli tanyşlyk sapary guraldy. Çäräniň çäklerinde Hubeý welaýat komitetiniň sekretary Guan Çžio sebite gelen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy (ŞHG) ýaly öňdebaryjy halkara guramalaryň ekspertleri bilen resmi duşuşyk geçirdi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu möhüm duşuşykda HHR-de akkreditirlenen 27 sany daşary ýurt döwletiniň hem-de halkara guramalaryň ilçileriniň we ýokary wezipeli diplomatlarynyň adyndan Türkmenistanyň Hytaýdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Parahat Durdyýew umumy çykyş etdi.

Türkmen diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy öz çykyşynda tutuş halkara wekiliýetiň adyndan Hubeý welaýatynyň ýolbaşçylaryna, Hytaýyň «Sinhua» döwlet habarlar agentliginiň institutyna we ähli guramaçylara tanyşlyk saparynyň ýokary derejede guralandygy üçin çuňňur minnetdarlyk bildirdi. Ilçi P.Durdyýew şu ýylda ýokary döwlet derejesinde geçirilen gepleşikleriň netijesinde täze badalga alan Hytaý we daşary ýurtlar ortasyndaky döwletara gatnaşyklaryň ýokary depginine aýratyn ünsi çekdi. Şeýle hem ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy diwersifikassiyalaşdyrmak nukdaýnazaryndan innowasion kuwwata eýe bolan Hubeý welaýatynyň strategik orunlaryň birini eýeleýändigi bellenip geçildi.

Resmi duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň ilçisi dünýä diplomatlarynyň adyndan sebitiň ägirt uly ykdysady we tehnologik mümkinçiliklerini jikme-jik öwrenmäge döredilen şertler üçin ýene-de bir gezek tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Ol guralan bu saparyň döwletleriň arasyndaky dostlukly we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de rowaçlanmagyna hem-de täze sepgitlerde berkemegine kuwwatly itergi berjekdigini ynamly belledi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Türkiýe Respublikasynyň Aşgabatdaky Ilçisi türkmen metbugat wekilleri bilen duşuşyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny maslahatlaşdy

24 Okt. 13:04

Çeşme

2026-njy ýylyň 24-nji oktýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Şener Jebeji Ilçihananyň resmi rezidensiýasynda türkmen köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen tanyşlyk ertirlik naharyny gurady. Duşuşyk dostlukly we işjeň ýagdaýda geçirilip, iki ýurduň arasyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlygy, medeni-ynsanperwer baglanyşyklary hem-de syýahatçylyk ugry boýunça gazanylan sepgitleri jemlemäge we täze bilelikdäki taslamalary maslahatlaşmaga giň mümkinçilik döretdi.

Dostlukly duşuşygyň dowamynda Ilçi Şener Jebeji metbugatyň ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky köprüleri berkidýän hem-de dostlukly gatnaşyklary geljege ugrukdyrýan iň güýçli sütünleriň biridigini aýratyn belledi. Şol bir wagtda ol TRT-niň Aşgabatdaky wekilhanasynyň köp ýyllaryň dowamynda alyp barýan işleriniň we «TRT Awaz» teleýaýlymynyň bütin türki dünýäsine ugrukdyrylan alyp berişleriniň bu ugurda nusgaly mysaldygyny nygtady. Ilçi Türkmenistanyň döwlet we hususy habar beriş serişdeleri bilen ýakyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem işjeňleşdirmäge açykdyklaryny beýan etdi.

Duşuşykda soňky döwürde Türkmenistanyň habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin Türkiýe Respublikasynda guralan netijeli saparlar we kabul ediş maksatnamalary barada giňişleýin maglumat berildi. Hususan-da, 2026-njy ýylyň 28-nji sentýabry – 4-nji oktýabry aralygynda Türkiýäni Ösdürmek Agentligi (TGA) tarapyndan Gaziantepde we Şanlyurfada türkmenistanly iki žurnalist kabul edildi. Olar 30-njy sentýabr – 4-nji oktýabr aralygynda Şanlyurfa howa menzilinde geçirilen «TEKNOFEST» awiasiýa, kosmos we tehnologiýalar halkara festiwalynyň çärelerine ýakyndan gatnaşdylar.

Mundan başga-da, TGA hem-de «Türk howa ýollary» (THY) kompaniýasynyň Aşgabat wekilhanasynyň hyzmatdaşlygynda, Türkiýäniň Ilçihanasynyň goldamagynda 2026-njy ýylyň 10–14-nji oktýabry aralygynda 11 adamdan ibarat türkmen wekiliýeti (10 metbugat wekili we ýerli işgär) Çanakkale we Balykesir welaýatlaryna sapar etdi. Žurnalistler saparyň çäklerinde Zeýtun ýagy muzeýinde, Kaz daglarynda, Assos hem-da Troýa gadymy şäherlerinde, Troýa muzeýinde, Gelibolu taryhy zolagynda we Çanakkala şehitleriniň ýadygärliginde bolup, sebitiň baý taryhy-medeni mirasy bilen tanyşdylar. Umumylykda, 2023–2026-njy ýyllarda geçirilen 14 sany kabul ediş maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistandan jemi 84 adam Türkiýäniň dürli sebitlerinde myhmançylykda boldy.

Iki ýurduň arasyndaky syýahatçylyk ugry bоýunça görkezijiler hem çalt depginler bilen artýar. Maglumatlara görä, 2026-njy ýylyň ýanwar–awgust aýlarynda Türkmenistandan Türkiýä gelen myhmanlaryň sany 151 887 adama ýetip, bu görkeziji 2025-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 20,46 göterim artdy. Türkiýäniň syýahatçylyk pudagy hem global derejede uly üstünlikleri gazanýar: 2017-nji ýylda dünýäde iň köp syýahatçy kabul eden ýurtlaryň arasynda 8-nji orunda duran Türkiýe 2024-nji ýylda 4-nji orna geçdi. Ýurt 2025-nji ýylda 64 million myhmany kabul edip, 65,2 milliard dollar girdeji bilen rekord goýan bolsa, 2026-njy ýylda 68 milliard dollar girdejä ýetmegi maksat edinýär.

Duşuşygyň soňunda Ilçi Şener Jebeji bu tanyşlyk ertirlik naharynyň geçirilen saparlary jemlemek we geljekde bilelikde ädilip bilinjek täze ädimleri maslahatlaşmak üçin örän gymmatly mümkinçilik bolandygyny tassyklady. Ol Ilçihananyň metbugat wekillerinden gelip gowuşjak ähli hyzmatdaşlyk tekliplerini seljermäge taýýardygyy hem-da bilelikdäki taslamalary amala aşyrmakdan razy boljakdygyny bilidirdi.

Şeýle hem diplomatik wekilçiligiň ýolbaşçysy Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklary täze ýokary derejä çykarjak möhüm ýokary derejeli sammitlere we ýubileý çärelerine yzygiderli taýýarlyk görülýändigini belledi. Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Erdoganyň, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň berk syýasy erk-islegine daýanyp, Ilçihana ikitaraplaýyn birleşikde we iki doganlyk halkyň bähbidine hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça ösdürmek ugrundaky işlerini durnukly dowam etdirer.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌