Oýun sanawy

Türkmenistanyň Irlandiýadaky ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

30 Awgust. 06:00

Çeşme

2025-nji ýylyň 25-nji awgustynda Türkmenistanyň Irlandiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ýazmyrat Serýaýew (rezidensiýasy London şäherinde ýerleşýär) iş sapary bilen Dublinde boldy. Saparyň çäklerinde ilçi Irlandiýanyň Daşary işler we söwda ministrliginiň Protokol bölüminiň başlygynyň orunbasary Ralf Viktor bilen duşuşyp, oňa ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.

Türkmenistanyň DIM-niň habaryna görä, duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Irlandiýanyň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini bellediler.

Şeýle hem 26-njy awgustda ilçi Ý. Serýaýew Irlandiýanyň DIM-niň syýasy meseleler boýunça direktorynyň orunbasary Fiona Nik Donnha we ministrligiň “Global Ireland” hem-de ykdysady ugur boýunça baş direktory Kolm Heýs bilen duşuşdy.

Duşuşyklarda syýasy, söwda-ykdysady, bilim we täzelenýän energetika ugurlarynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi bilen baglanyşykly mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar şeýle hem halkara guramalaryň çäginde özara gatnaşyklarynyň möhüm ugurlaryny bellediler.

Ýazmyrat Serýaýew şol bir wagtda Türkmenistanyň Beýik Britaniýa we Demirgazyk Irlandiýa Patyşalygyndaky ilçisidir.

















Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Emomali Rahmona gutlag hatyny ýollady

09 Sen. 06:24

Çeşme

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona we doganlyk täjik halkyna ýurduň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk toýy mynasybetli mähirli gutlaglaryny iberdi. «TDH» gullugynyň habar berşi ýaly, döwlet Baştutanymyz öz hatynda Täjigistanyň garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan uly üstünliklerini hem-de iki ýurduň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini aýratyn belledi.

Serdar Berdimuhamedow bilelikdäki tagallalaryň netijesinde dostlukly ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de çuňlaşdyryljakdygyna ynam bildirdi hamana Emomali Rahmona berk jan saglygy we bagtyýarlyk, Täjigistanyň halkyna bolsa parahatçylyk hem-de ösüş arzuw etdi. Ýatladyp geçsek, Täjigistan Respublikasy her ýylyň 9-njy sentýabrynda öz Döwlet garaşsyzlygy gününi dabaraly bellenip geçýär.