Oýun sanawy


Türkmenistanyň Prezidenti 2025-nji ýylyň jemlerine bagyşlanan giňişleýin Hökümet mejlisini geçirdi
14 Few. 04:27Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýylda ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň netijelerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini alyp bardy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Mejlisiň dowamynda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işler seljerildi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary, şeýle hem welaýat häkimleri hasabat bilen çykyş etdiler. Şeýle-de 2026-njy ýylda öňde goýlan maksatlar, ýurduň ösüşini dowam etdirmek boýunça meýilnamalar we ýolbaşçy düzümine degişli üýtgetmeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlise Mejlis ýolbaşçylary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň hem-de Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Mejlisiň ahyrynda Prezident tarapyndan birnäçe resmi resminamalara gol çekildi.
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň ylmy wekiliýeti Baku şäherinde geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar
10 Sen. 10:48Türkmen wekiliýeti Birinji türkologiýa sýezdiniň 100 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp Azerbaýjanda geçirilýän Altaý jemgyýetleriniň XIV Halkara simpoziumyna gatnaşýar. Bu abraýly bilim forumy 9-njy sentýabrda öz işine başlady diýip «AZERTAJ» agentligi habar berýär.
Bu çäre Azerbaýjanyň Milli ylymlar akademiýasy we Folklor instituty tarapyndan guramaçylykly geçirilib, oňa TİKA hem-de TÜRKSOÝ ýaly halkara guramalar goldaw berýär. Maslahata Türkmenistan bilen bir hatarda Türkiýeden, Gazagystandan, Ýaponiýadan, Germaniýadan we beýleki onlarça ýurtdan wekiller gatnaşýarlar.
Halkara çäräniň gidişinde Ýewraziýa sebitiniň taryhy we medeni ösüşinde möhüm orun eýeleýän Altaý halklarynyň siwilizasiýa mirasy, taryhy hem-de medeniýeti barada giňişleýin pikir alşylýar.
Dört güne niýetlenen bu simpoziumyň çäklerinde dünýäniň 15 ýurdundan gelen alymlaryň we hünärmenleriň 121 sany ylmy hasabaty diňleniler.
Şeýle hem okanyň