Oýun sanawy

31 Awgust. 12:50

Türkmenistanyň Prezidenti ŞHG-niň sammitine gatnaşmak üçin Hytaýa geldi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) 2025-nji ýylyň 31-nji awgustyndan 1-nji sentýabry aralygynda Týanszin şäherinde geçirilýän sammitine gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary bilen geldi.

 

Döwlet Baştutanymyzyň uçary Týansziniň halkara howa menziline gondy. Hormatly Prezidentimizi Hytaýyň resmi adamlary we türkmen wekiliýetiniň agzalary garşyladylar. Saparyň Si Szinpiniň çakylygyna laýyklykda geçirilýändigi we Serdar Berdimuhamedowyň sammite “hormatly myhman” derejesinde gatnaşýandygy bellenildi.

 

Saparyň çäklerinde Prezident Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara-da gatnaşar.

 

Synçylaryň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň ýokary derejede ŞHG sammitine gatnaşmagy ýurdumyzyň köpugurly hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny, şeýle hem oňyn bitaraplyk syýasatynyň ýörelgelerine esaslanýandygyny görkezýär. Türkmenistan gurama agza döwletler bilen ykdysadyýet, energetika, ulag, sebit howpsuzlygy we durnukly ösüş ugurlarynda netijeli gatnaşyklary alyp barýar.

 

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy 2001-nji ýylda döredildi. Häzirki wagtda onuň düzümine Hytaý, Russiýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Özbegistan, Hindistan, Pakistan, Eýran we Belarus girýär. Oňyn bitaraplyga esaslanýan syýasaty ýöredýän ýurt hökmünde Türkmenistan ŞHG-niň agzasy däl, ýöne sammitleriň işine hormatly myhman hökmünde yzygiderli gatnaşýar.

Iň köp görülen

01 Noý. 06:37

Türkmenistan Prezidenti ABŞ-da Sammitde Donald Tramp bilen duşuşar

Çeşme

Türkmenistan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen “Merkezi Aziýa – Amerikanyň Birleşen Ştatlary” sammitiniň çäginde Waşingtonda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirer. Bu barada TDH habar berýär.

“Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň wise-premýeri, daşary işler ministri Raşit Meredow, Prezident Serdar Berdimuhamedowun ABŞ-a iş saparynyň taýýarlygy barada hasabat berdi. Bu sapar, Prezident Donald Trampyň çagyrmagyna laýyklykda ýokary derejeli gepleşikler geçirmek we “Merkezi Aziýa + ABŞ” sammitine gatnaşmak maksady bilen amala aşar” – diýip, habar berildi.

Serdar Berdimuhamedow, Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky gatnaşyklary has-da ösdürmek üçin gowy mümkinçilikleriň bardygyny belläp geçdi. “ABŞ-da geçiriljek sammit, iki ýurt arasyndaky özara peýdaly hyzmatdaşlygyň berkemegine ýardam eder” – diýip, döwlet baştutany nygtady.

Öň habar berlişi ýaly, “Merkezi Aziýa + ABŞ” sammiti 6-njy noýabrda geçiriljekdir.