Oýun sanawy

Lebapda täze gaz guýusy ulanmaga berildi

25 Dek. 07:19

Çeşme

Türkmenistanyň Lebap welaýatynda «Hazarly–2» atly täze gaz guýusy resmi taýdan işe girizildi. Guýy «Türkmengeologiýa» döwlet kärhanasynyň düzümindäki «Marynebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň hünärmenleri tarapyndan burawlanyp, «Lebapgazçykaryş» müdiriýetiniň balansyna berildi.

Täze önümçilik desgasynyň Hazarly meýdançasynda, Böwrideşik gaz käniniň golaýynda ýerleşýändigi we bu ýerde senagat derejesinde önüm berip başlan ilkinji guýy bolandygy bellenilýär. Bu waka Türkmenistanyň gaz senagaty üçin möhüm tapgyr bolup durýar.

Guýynyň gije-gündizlik öndürijiligi 120 müň kub metr tebigy gaza deň bolup, bu görkeziji Türkmenistanyň gaz çykaryş kuwwatynyň artmagyna ýardam berýär.

Şu ýylyň 11 aýynyň jemleri boýunça «Lebapgazçykaryş» müdiriýetiniň işgärleri önümçilik meýilnamasyny 101%-den gowrak ýerine ýetirip, 8,516 milliard kub metr gaz çykardylar. Ýylyň ahyryna çenli bu görkezijini 9,3 milliard kub metre ýetirmek meýilleşdirilýär.

Mundan başga-da, 28 039 tonna ugurdaş gaz kondensaty alyndy, bu bolsa meýilnamadan 2 235 tonna artyk boldy. Gaz önümçiliginiň ýokarlanmagy Türkmenistanyň eksport mümkinçiliklerine hem oňyn täsir etdi: daşary ýurtlara ugradylan gazyň möçberi meýilnamadan tas 41% ýokary boldy we goşmaça 1,38 milliard kub metr gaz eksport edildi.

Ýylyň başyndan bäri Lebap gazçylary tarapyndan Türkmenistanyň ýerastyndan jemi 20,908 milliard kub metr uglewodorod çig maly çykaryldy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Lionel Messi sporty ösdürmäge goşan goşandy üçin abraýly Asturiýa şa gyzynyň baýragyna mynasyp boldy

24 Okt. 10:17

Çeşme

«Altyn top» baýragynyň sekiz gezek eýesi, meşhur argentinaly futbolçy Lionel Messi dünýä sportuny ösdürmäge goşan göz-görtele goşandy üçin Ispaniýanyň halkara derejesindäki abraýly Asturiýa şa gyzynyň baýragy bilen sylaglandy. Baýragy gowşurmak dabarasy Ispaniýanyň Owýedo şäherindäki taryhy «Kampoamor» teatrynda uly danyşyklylyk bilen geçirildi. Bu barada sylaglaýjy gaznanyň resmi internet saýtynda habar berilýär.

Asturiýa şa gyzynyň halkara baýragy 1980-nji ýyldan bäri dünýä boýunça dürli ugurlarda, şol sanda sportda uly üstünlik gazanan görnükli şahsyýetlere gowşurylyp gelinýär. Sport kategoriýasy boýunça bu derejeli baýraga ozal meşhur tennisçi Serena Wilýams, ispan futbolçylary Iker Kasilýas we Hawi, şeýle hem Braziliýanyň hem-da Ispaniýanyň milli ýygyndylary mynasyp bolupdylar.

Häzirki wagtda 39 ýaşly Messi Amerikan Ligasynda (MLS) «Inter Maýami» klubynyň düzüminde çykyş edýär. Öz oýunçylyk karýerasynda «Barselona» we «Pari Sen-Žermen» ýaly öňdebaryjy klublarda oýnan Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany 2022-nji ýylda Dünýä çempiony boldy ham-da karýerasynda jemi 48 sany resmi kubok we kubok titullaryny utup, futbol taryhynda iň köp titully oýunçy hökmünde öz adyny altyn harplar bilen ýazdyrdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌