Oýun sanawy

Apple kompaniýasynyň ýolbaşçylygynda taryhy üýtgeşme amala aşyrylýar

21 Aprel. 17:02

Çeşme

Dünýäniň iň iri tehnologiýa kompaniýasy bolan Apple özüniň dolandyryş düzüminde möhüm täzelemeleriň boljakdygyny tassyklady. 2026-njy ýylyň 1-nji sentýabryndan başlap, kompaniýanyň täze baş direktory wezipesine Jon Ternus belleniler. Soňky on ýarym ýylyň dowamynda Apple-i üstünlikli dolandyryp gelen Tim Kuk bolsa öz işini ýerine ýetiriji başlyk hökmünde dowam eder we strategik kararlara gatnaşar.

Tim Kukuň ýolbaşçylyk eden döwri Apple üçin uly ykdysady ösüşleriň eýýamy boldy. 2011-nji ýylda Stiw Jobsuň ornuna geçen Kuk kompaniýanyň bazar gymmatyny 350 milliard dollardan 4 trillion dollardan gowrak derejä çykarmagy başardy. Ol öz beýanatynda şeýle dünýä belli edaranyň ösüşine goşant goşmagyň özi üçin iň ýokary mertebe bolandygyny aýratyn nygtap geçdi.

Kompaniýanyň täze ýolbaşçysy Jon Ternus Apple-iň içki gurluşyna gowy tanyş bolan tejribeli hünärmendir. 2001-nji ýyldan bäri bu ýerde zähmet çekýän Ternus häzirki wagta çenli enjamlaýyn üpjünçilik boýunça uly wise-prezident wezipesini ýerine ýetirip gelýärdi. Ol Mac kompýuterleriniň, iPad planşetleriniň we AirPods gulaklyklarynyň döredilmegine hem-de kämilleşdirilmegine gönüden-göni jogap beren esasy şahsyýetleriň biridir.

Ýolbaşçy düzümiň çalşylmagy baradaky habar maliýe bazarlarynda gysga möhletleýin täsir galdyrdy. Paýnamalaryň bahasyndaky ujypsyz üýtgeşmeler maýadarlaryň täzelige bolan tebigy reaksiýasy hasaplanýar we kompaniýanyň umumy ykdysady ýagdaýyna hiç hili howp salmaýar. Bilermenleriň pikiriçe, bu meýilleşdirilen ädim täze ýolbaşça sentýabr aýyndaky iPhone tanyşdyrylyşy ýaly möhüm çäreleriň öňüsyrasynda doly taýýarlyk görmäge mümkinçilik berer.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Russiýa Federasiýasy 2026-2027-nji okuw ýyly üçin Türkmenistanyň raýatlaryna 500 sany býujet ornuny bölüp berdi

Bugün 08:31

Çeşme

Russiýa Federasiýasynyň Hökümeti 2026-2027-nji okuw ýylynda ýurduň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak üçin Türkmenistanyň raýatlaryna 500 sany mugt býujet ornuny bölüp berdi. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan Wolynkin «Русский ГлаголЪ» halkara edebi bäsleşiginiň metbugat gullugyna beren interwýusynda habar berdi. Diplomatyň bellemegine görä, türkmen ýaşlarynyň Russiýanyň ÝOKM-lerinde bilim almaga bolan gyzyklanmasy ýyldan-ýyla artýar we mekdep döwründe alnan rus dili bilimi talyplar üçin esasy artykmaçlyklaryň biri bolup durýar.

Russiýanyň ilçisiniň düşündirişi ýaly, rus dilini bilmek täze talyplara dil bökdençliklerini aňsatlyk bilen ýeňip geçmäge, göni öz hünär Sapaklaryna ünsy jemlemäge hem-da talyp durmuşyna çalt uýgunlaşmaga uly kömek edýär. Wolynkin Russiýanyň ýokary bilim hakyndaky diplomlarynyň lukmançylyk, inženerçilik, maglumat tehnologiýalary, ykdysadyýet, halkara gatnaşyklary we ynsanperwer ylymlary boýunça giň mümkinçilikleri açýandygyny nygtady. Talyplar bilim alýan döwründe iri ylmy taslamalara we önümçilik tejribeliklerine gatnaşyp, geljekde alnan çeňňek bilimlerini öz Watanynyň ösüşiniň bähbidine peýdalanmak üçin yza dolanýarlar.

Şeýle hem diplomat Aşgabat şäherindäki «Rus öýüniň» alyp barýan işjeň çäreleri barada durup geçdi. Bu meýdançada ýylboýy Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmek şertleri barada yzygiderli onlaýn-seminarlar we tegelek stol söhbetdeşlikleri guralýar. Ýaňy-ýakynda, oktýabr aýynda ol ýerde Moskwanyň öňdebaryjy uniwersitetleriniň wekilleriniň A.S.Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus orta mekdebiniň ýokary synp okuwçylary bilen duşuşygy geçirilip, okuwa girmek mümkinçilikleri giňden wagyz edildi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌