Oýun sanawy


Maryda innowasion tehnologiýalar we sanly çözgütler boýunça ylmy maslahat geçirildi
24 Mart. 12:55«Marytelekom» welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasynyň guramagynda «Innowasion ösüş — sanly ulgamyň täze eýýamy» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Çäräniň dowamynda aragatnaşyk hünärmenleri, ýokary okuw mekdepleriniň alymlary we okuw merkezleriniň wekilleri ýurduň sanly ykdysadyýetini ösdürmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Esasy üns internet hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga we döwrebap sanly platformalaryň mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirildi.
Maslahatda «Türkmentelekom» tarapyndan hödürlenýän «Belet Film» we «Älem TV» ýaly multimediýa hyzmatlarynyň artykmaçlyklary barada giňişleýin durlup geçildi. Hünärmenler bu ulgamlaryň onlaýn töleg platformalary bilen utgaşdyrylyşy we müşderiler üçin niýetlenen täze nyrhnamalar barada maglumat berdiler. Aragatnaşyk ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy ilata hödürlenýän sanly hyzmatlaryň elýeterliligini we amatlylygyny üpjün etmekde esasy şert hökmünde görkezildi.
Türkmen döwlet energetika institutynyň (TDEI) alymlary tarapyndan hödürlenen ylmy taslamalar maslahatyň iň gyzykly bölegini düzdi. Hususan-da, emeli aňyň kömegi bilen talyplaryň ukyplaryna görä şahsylaşdyrylan okuw meýilnamalaryny döredýän adaptiw ulgamlar tanyşdyryldy. Şeýle hem adamyň ädimlerinden elektrik energiýasyny alýan tehnologiýalar we suw ýüzündäki plastik galyndylary toplaýan emeli aň arkaly dolandyrylýan «akylly» gämileriň ylmy esaslary uly gyzyklanma döretdi.
Mundan başga-da, ýaşlaryň tehnologik başarnyklaryny ösdürmek we robot tehnikasynyň geljegine bagyşlanan çykyşlar diňlenildi. «Röwşen gelejek» okuw merkeziniň hünärmenleri robotlary programmirlemegiň we olaryň dürli pudaklarda ulanylmagynyň ähmiýeti barada durup geçdiler. Geçirilen maslahat Türkmenistanyň ylym-bilim we tehnologiýa ulgamynda dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini ornaşdyrmak bilen, ynamly öňe barýandygyny ýene bir gezek subut etdi.
Şeýle hem okanyň


«Microsoft» kompaniýasy 60 müňe golaý işgärine öwez tölegi bilen meýletin işden çykmagy teklip etdi
Bugün 09:12«Microsoft» korporasiýasy ABŞ-da, Kanadada, Beýik Britaniýada we Hindistanda zähmet çekýän 60 müň töweregi zähmetkeşine degişli öwez töleglerini tölemek şerti bilen işden meýletin gitmek maksatnamasyny hödürledi. «Business Insider» neşiriniň habar bermegine görä, bu teklip kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna we inženerçilik hünärmenlerine degişli bolman, meýletin gitmek isleýän beýleki işgärler dekabr aýynyň başyna çenli öz gutarnykly kararlaryny bildirmelidirler.
Bu başlangyç «Microsoft» kompaniýasynyň işgär sanyny kadalaşdyrmak hem-da meýilleşdirilmedik mejbury işden боşatmalaryň öňüni almak boýunça amala aşyrýan nobatdaky çäresidir. Häzirki wagtda emeli aň infrastrukturasyna we innowasion taslamalara uly möçberde maýa goýumlaryny ýöneltýän tehnologiýa ägirdi şol bir wagtyň özünde içki çykdajylary optimizirlemegi maksat edinýär. 2026-njy ýylyň iýun aýyndaky maglumatlara görä, kompaniýada 226 müň adam zähmet çekýärdi, diýmek, täze meýletin maksatnama işgärleriň dörtden bir bölegine golaýyny öz içine alýar.
Bellenilmeli z zat, 2026-njy ýylyň aprelinde hem «Microsoft» ABŞ-daky gullukçylaryna meýletin işden gitmek maksatnamasyny hödürläpdi. Şonda ýaşy bilen kompaniýadaky zähmet stajynyň jemi 70-den geçýän, takmynan, 9 müň işgär bu şertlere laýyk gelip, olaryň üçden bir bölegi berilen teklibi kabul edipdi.