Oýun sanawy


Demirgazyk sebitiň ýol gurluşykçylary tarapyndan awtomobil ýollarynyň durkuny täzelemek we ulanyş möhletini uzaltmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda Boldumsaz etrabynyň çäginde ýerleşýän oba ýollarynyň bir böleginde täze asfalt gatlagyny döşemek amallary ýokary depginler bilen dowam edýär. Bu taslama sebitiň oba hojalyk ýerleriniň arasyndaky gatnawy ýeňilleşdirmäge we ýol hereketiniň howpsuzlygyny döwrebap derejä ýetirmäge gönükdirilendir.
Şuňa meňzeş abatlaýyş we gurluşyk işleri Akdepe etrabynyň obalarynda hem-de Daşoguz şäheriniň köçelerinde hem yzygiderli amala aşyrylýar. Ýol gurluşygy üçin zerur bolan serişdeleriň üpjünçiligi Gubadag etrabyndaky ýöriteleşdirilen kärhananyň önümçilik kuwwatlyklarynyň hasabyna doly kanagatlandyrylýar. Ýol-ulag ulgamyna goýulýan yzygiderli üns sebitde ýük we ýolagçy dolanşygynyň artmagyna oňyn täsir edip, Daşoguz welaýatynyň ykdysady binýadynyň has-da berkemegine mümkinçilik döredýär.
Şeýle hem okanyň


Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy
24 Okt. 13:11Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.
Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.
Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.
Şeýle hem okanyň