Oýun sanawy


Russiýaly inženerler kosmosda agyrlyk güýjüni döretmegiň usulyny işläp düzdüler
21 Okt. 09:36«Roskosmos» gurluşynyň düzümine girýän «Energiýa» raketa-kosmos korporasiýasy kosmos giňişliginde emeli agyrlyk güýjüni döretmäge mümkinçilik berýän täze ulgam bilen çykyş etdi. Bu täzeçillik eýýäm patent aldy.
Täze ulgam birnäçe moduly öz içine alýar. Merkezi bölegi statiki we aýlanýan elementlerden ybarat bolup, olaryň arasynda howa geçirmeýän hereketli bogun ýerleşýär. Bu merkezden dört sany ýaşaýyş üçin niýetlenen modul radial görnüşde ýerleşdirilýär. Her modul özbaşdak energiýa we durmuş üpjünçilik ulgamy bilen enjamlaşdyrylandyr.
Stansiýa aýlanyp başlasa, merkezden daşarky güýç — ýagny merkezden gaçyryjy güýç — peýda bolup, agyrlyk güýjüne meňzeş şertleri döredýär. Aýlanyş tizligi arkaly 0,5g derejesine çenli güýji döretmek mümkin, bu bolsa ýer ýüzündäki agyrlyk güýjüniň ýarysyna barabar.
Inženerler bu ulgamda ýokary ygtybarlylygy üpjün etdiler: hatda bir bölegi işden çyksa-da, stansiýa öz işini dowam etdirip bilýär. Bu täze tehnologiýa, uzak möhletli orbitadaky ýaşaýyş bazalaryny döretmekde we Aý bilen Marsa bolan geljekki uçuşlara taýýarlyk işlerinde möhüm orun eýelär.
Şeýle hem okanyň


NASA-nyň «Habbl» teleskopy älem «köpürjiginiň» içki gurluşyny surata düşürdi
09 Sen. 11:31NASA-nyň «Habbl» älem teleskopy Ýerden 160 müň ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän Uly Magellan Buludyndaky N44 dumanlygynyň täze suratyny aldy. Altynbalyk ýyldyzlar toparynda ýerleşýän bu dumanlygyň merkezinde 500 müň töweregi ýyldyz hem-de gaz we tozandan ybarat dykyz gabyk bilen gurşalan ägirt uly boşluk ýerleşýär. Alymlaryň bellemegine görä, bu boşluk güýçli ýyldyz ýelleriniň we täze ýyldyzlaryň partlamalarynyň täsiri astynda emele gelipdir.
Barlagçylar suratyň ýokarky sag tarapyndaky N44F kiçijik köpürjigine aýratyn üns berýärler. Onuň töwereginde özboluşly sütünlerden ybarat gurluşlar we şöhlelenme akymlary görünýär. Bu sebitde entek ömrüniň ilkinji tapgyrynda duran, wodorody geliý elementine öwrüp başlamadyk 30 müň töweregi örän ýaş ýyldyz ýüze çykaryldy.
Şeýle hem okanyň