Oýun sanawy

Türkmenistanda «Sanly çözgüt 2025» bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglanyldy

14 Noý. 12:17

Çeşme

Şu gün Aşgabatda, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda «Sanly çözgüt 2025» atly ýaşlaryň innowasion taslamasynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi diýip, «Türkmenportal» habar berýär.

Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan gurnalan bäsleşige ykdysadyýet, lukmançylyk, IT ulgamy, oba hojalygy hem-de jemgyýetçilik durmuşyna degişli 360-dan gowrak innowasion taslama hödürlenildi.

Birinji orny eýelänleriň sanawy şeýle:

  • Hydyrow Annageldi

  • Jumashow Jeýhun

  • Owezow Nurgeldi

  • Çakiýewa Aýnur

  • Rejepow Arslan

  • Myratberdiýew Myratberdi

  • Güljanowa Suraý

Olar «Aýdyň gije» telewizory we Dell Inspiron noutbugy bilen sylaglandy.

Ikinji orny alan 14 adama Asus Vivobook noutbuklary sowgat berildi.

Üçünji orna mynasyp bolan 21 gatnaşyjy Xiaomi Pad2 Ram planşetleri bilen baýraklandyryldy.

Ýeňijileriň hemmesine degişli derejeli diplomlar gowşuryldy.
Sylaglama dabarasy «Türkmentel-2025» halkara sergisiniň we konferensiýasynyň çäklerinde geçirildi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Magtymguly adyndaky TDU-da görnükli ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň 120 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi

Bugün 07:13

Çeşme

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde görnükli türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli «Ýagşyny ýatlap...» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Uniwersitetiň resmi internet saýtynda habar berlişi ýaly, çäre ýazyjynyň baý edebi mirasyny wagyz etmäge hem-da «Şükür bagşy» filmininde baş keşbi janlandyran tehniki ylymlaryň doktory, professor, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Amandurdy Handurdyýewiň ýagty ýadygärligini hatyralamaga bagyşlandy. Duşuşyga Ylymlar akademiýasynyň alymlary, ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Döredijilik çäresiniň dowamynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň ylmy işgärleri we alymlary Nurmyrat Saryhanowyň döredijilik ussatlygy hem-da eserleriniň golýazma mirasy barada çykyş etdiler. Şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda TDU-da mugallymçylyk eden professor Amandurdy Handurdyýewiň milli kino sungatyna we ylym älemine goşan uly goşandy aýratyn nygtaldy.

Sazlaşykly geçen duşuşykda türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň talyplary «Şükür bagşy» powesti esasynda edebi-sazly kompozisiýany ham-da «Gün hakynda ballada» atly çeper okaýşy köpçülige hödürlediler. Uniwersitetiň «Bagtyýarlyk owazlary» medeni merkeziniň dutarçylary tarapyndan meşhur filmden mukamlar ýerine ýetirilip, çäre gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌