Oýun sanawy


NASA-nyň orbitadaky apparaty Marsyň üstüniň 100 müňünji suratyny düşürdi
20 Dek. 11:41NASA-nyň Mars Reconnaissance Orbiter orbitadaky enjamynyň düzümine girýän HiRISE kamerasy Marsyň üstüniň 100 müňünji suratyny almagy başardy. Bu möhüm sepgit missiýanyň başlanmagyndan tas 20 ýyl geçenden soň gazanyldy we HiRISE-niň häzirem Gyzyl planetany öwrenmekde esasy gurallaryň biri bolup galýandygyny görkezýär.
HiRISE kamerasy Marsyň kraterlerini, çäge alaňlaryny, buz gatlaklaryny we geljekde kosmos enjamlaryny gondurmak üçin laýyk bolup biljek ýerleri ýokary hilli suratlar arkaly öwrenmäge mümkinçilik berýär. Şeýle ylmy maglumatlar halkara derejesinde uly gyzyklanma döredip, şol sanda Türkmenistanyň alymlarynyň hem üns merkezinde durýar. Türkmenistan dünýä kosmos ylmyndaky ösüşleri yzygiderli synlaýar.
Ýubileý surat 7-nji oktýabrda düşürilip, häzirki wagtda Perseverance enjamy işleýän Ýezero kraterinden takmynan 80 kilometr günorta-gündogarda ýerleşýän Uly Sirt sebitindäki tekiz meýdanlary we alaňlary görkezýär. Alymlar bu suraty ýel arkaly göterilen çägäniň gelip çykyşy hem-de alaňlaryň döreýiş aýratynlyklary bilen bagly meseleleri öwrenmek üçin ulanýarlar.
NASA-nyň Reaktiw hereket barlaghanasynyň wekili Lesli Tampariniň aýtmagyna görä, suratlar ýeliň täsiri bilen alaňlaryň nähili süýşýändigini we daş bölekleriniň kert gaýalardan aşak gaçýandygyny anyk görkezýär. HiRISE-niň maglumatlary Marsyň diňe bir Ýerden tapawutlanýandygyny däl, eýsem onuň wagtyň geçmegi bilen nähili üýtgeýändigini hem görkezýär. Bu bolsa Türkmenistanyň hem-de beýleki ýurtlaryň ylmy jemgyýetçiligi üçin möhüm maglumat çeşmesidir.
Şeýle hem okanyň


Günorta afrikaly ýazyjy emeli aňyň kömegi bilen 370-den gowrak kitap neşir edip, 1 million dollar gazandy
24 Okt. 13:11Koral Hart lakamy bilen tanalýan günorta afrikaly ýazyjy soňky 20 aýyň dowamynda emeli aň ulgamlarynyň kömegi bilen 371 sany kitaby ýazyp, neşir etmegi başardy. Yerli «EWN» radiosynyň habar bermegine görä, öň 14 ýyllap neşirýat ulgamynda zähmet çeken awtor 2025-nji ýylyň fewralynda emeli aň teknolojialaryny özleşdirip, gysga wagtyň içinde doly derejeli romanlary döretmäge mümkinçilik berýän hususy ulgamyny işläp düzdi. Ýazyjy her bir eseriň sýužetini, stiline hem-da каarakterlerini özi kesgitläp, emeli aňa meýilnama berýär, alnan garalama bolsa jemleýji tapgyrda awtor tarapyndan redaktirlenýär.
Täze romany döretmek üçin emeli aňa bary-ýogy 45 minut töweregi wagt gerek bolup, taýýar tekst iki gezek neýroulgamdan geçirildikden soň adam tarapyndan okalyp, neşire taýýarlanýar. Awtor öz kitaplarynyň 1 milliondan gowrak nusgasyny satmagy başardy we 2026-njy ýylda 1 million dollardan gowrak peýda gazandy. Ýazyjynyň emeli aň bilen bilelikde döreden söýgi romanlarynyň biri hatda «Amazon» platformasynyň iň geçginli 100 bestselleriniň hataryna girmegi başardy.
Häzirki wagtda Koral Hart öz eserlerini sanly, çap edilen we audio formatlarda okyjylara hödürleýär hem-da özüni täjirçilik edebiýatynda täze eýýamyň düýbüni tutujy hökmünde görkezýär. Şeýle hem ol emeli aňdan peýdalanmak ýoly bilen kitap ýazmak dyesinde beýleki awtorlar üçin «Authorythm» diýlip atlandyrylýan ýörite programma üpjünçiligini taýýarlaýar. Bu täsin tejribe edebiýat äleminde emeli aňyň amaly mümkinçilikleriniň täze sahypasyny açdy.
Şeýle hem okanyň