Oýun sanawy

Türkmenistanyň oba hojalyk pudagynda ösüş durnukly dowam edýär

07 Few. 10:12

Çeşme

Türkmenistanyň oba hojalyk ulgamynda 2025-nji ýylyň ýanwar aýynyň jemleri boýunça oňyn ösüş gazanyldy. 6-njy fewralda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işleriň netijelerini diňledi.

Wise-premýer T.Atahallyýew welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hem-de önümçilik görkezijileri barada giňişleýin hasabat berdi. Hasabata görä, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, Türkmenistanyň oba hojalygy boýunça önümçiligiň ösüş depgini 109,3 göterime deň boldy.

Türkmenistanyň oba hojalyk ulgamyna degişli ministrliklerde, döwlet komitetlerinde, konsernlerde we döwlet birleşiklerinde oňyn ösüş depginleri hasaba alyndy. Şeýle-de, maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasynyň 107,9 göterim ýerine ýetirilmegi oba hojalyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilýändigini görkezýär.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň ähli sebitlerinde möwsümleýin işler dowam edýär. Bugdaý ekinlerine ideg etmek, gowaça we beýleki ekinler üçin meýdanlary hem-de tohumlary taýýarlamak, suw howdanlaryna suw toplamak, suwaryş ulgamlaryny kämilleşdirmek, şor suw akabalaryny arassalamak we suw hojalyk desgalaryny abatlamak boýunça degişli çäreler alnyp barylýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty jemläp, Türkmenistanyň oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmegi dowam etdirmegi, onuň tehniki mümkinçiliklerini güýçlendirmegi hem-de ähli meýdan işleriniň agrotehniki talaplara laýyklykda, bellenen möhletlerde geçirilmegine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy

26 Okt. 10:04

Çeşme

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.

Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.

Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌