Oýun sanawy


Daşoguzdaky dokma kärhanasy galyndysyz tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen kuwwatyny artdyrýar
27 Iýun. 09:30Ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynda ýeňil senagat pudagynyň önümçilik mümkinçiliklerini has-da giňeltmek boýunça täze taslama durmuşa geçirilýär. Sanly ulgam arkaly guralan Hökümet mejlisiniň dowamynda wise-premýer N. Atagulyýew Daşoguz şäherinde ýerleşýän pagta egriji fabrigiň durkuny döwrebaplaşdyrmak we onuň çäginde goşmaça önümçilik bölümini açmak barada hasabat berdi.
Häzirki wagtda agzalan senagat desgasynda dokma önümçiliginden galýan ikilenji çykandylary gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap tehnologik ulgamlary gurnamak işleri meýilleşdirildi. Bu döwrebap çemeleşme çykdajylary azaltmaga hem-de galyndylardan halkara standartlaryna laýyk gelýän, köp görnüşli taýýar harytlary taýýarlamaga ýol açar. Şeýlelikde, çäreler tygşytlylyk hem-de daşky gurşawy goramak ýörelgelerine doly laýyk gelýär.
Täze taslamanyň esasy ykdysady ähmiýeti daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan harytlary özümizde öndürmekden hem-de içerki bazaryň isleglerini doly kanagatlandyrmakdan ybaratdyr. Mundan başga-da, täze sehiň işe girizilmegi pudagyň eksport kuwwatyny ösdürmäge we sebitde täze durnukly iş orunlaryny döretmäge ýardam berer. Degişli meýilnamalar Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna resmi taýdan hödürlenildi.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, Daşoguz şäherindäki pagta egriji fabriginde täze önümçilik ugruny döretmek baradaky teklibi doly goldady we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz sebitleriň senagat taýdan ösdürilmeginiň hem-de önümçilik desgalarynyň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagynyň ýurduň ykdysady kuwwatyny berkitmekde uly orny bardygyny nygtady.
Şeýle hem okanyň


«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar
24 Okt. 12:11Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.
Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.