Oýun sanawy


Bahreýniň Isa-Taun şäherinde 14 ýaşdan kiçi gyzlaryň arasynda geçirilen «A» derejeli halkara tennis ýaryşynda Türkmenistanyn tennisçileri öz başarnyklaryny görkezdiler. Ýaryş Aziýa Tennis Federasiýasynyň (ATF) howandarlygynda geçirildi we 17 ýurduň türgenlerini jemledi.
Jübütlikde 12 ýaşly Sülgün Işangulyýewa Iordaniýanyň wekili A. Gokaşau bilen bilelikde ikinji orna mynasyp boldy. Olar Russiýadan, Indoneziýadan we Malaýziýadan gelen garşydaşlaryny ýeňip, ýarym finala çykdylar we Hindistanyň jübütini ýeňip finala bardylar. Final duşuşygynda Russiýa we Eýran wekillerinden düzülen jübütden utulyp, kümüş medala mynasyp boldular.
Ýekelikde iň gowy netijäni Aşgabat şäherindäki 87-nji orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Názli Hudaýgulyýewa görkezd. Ol üç duşuşykdan ýeňiş gazanyp ýarym finala çykdy, Hytaý wekiline utuldy we üçünji orun üçin oýunda Ýaponiýa wekiline üstün çykdy, dördünji orny eýeledi.
«ATF Bahrain 14 & Under Category A» ýaryşy reýting utuklaryny berýär. Netijeler boýunça Názli Hudaýgulyýewa Aziýanyň ýetginjekler reýtinginde 19-njy, Sülgün Işangulyýewa bolsa 52-nji orny eýeledi. Iň gowy netijelerini gazanýan türgenleriň ikisi-de Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysynyň baş tälimçisi Ýuriý Rogusskiniň ýolbaşçylygynda türgenleşýärler.
Şeýle hem okanyň


Lionel Messi sporty ösdürmäge goşan goşandy üçin abraýly Asturiýa şa gyzynyň baýragyna mynasyp boldy
24 Okt. 10:17«Altyn top» baýragynyň sekiz gezek eýesi, meşhur argentinaly futbolçy Lionel Messi dünýä sportuny ösdürmäge goşan göz-görtele goşandy üçin Ispaniýanyň halkara derejesindäki abraýly Asturiýa şa gyzynyň baýragy bilen sylaglandy. Baýragy gowşurmak dabarasy Ispaniýanyň Owýedo şäherindäki taryhy «Kampoamor» teatrynda uly danyşyklylyk bilen geçirildi. Bu barada sylaglaýjy gaznanyň resmi internet saýtynda habar berilýär.
Asturiýa şa gyzynyň halkara baýragy 1980-nji ýyldan bäri dünýä boýunça dürli ugurlarda, şol sanda sportda uly üstünlik gazanan görnükli şahsyýetlere gowşurylyp gelinýär. Sport kategoriýasy boýunça bu derejeli baýraga ozal meşhur tennisçi Serena Wilýams, ispan futbolçylary Iker Kasilýas we Hawi, şeýle hem Braziliýanyň hem-da Ispaniýanyň milli ýygyndylary mynasyp bolupdylar.
Häzirki wagtda 39 ýaşly Messi Amerikan Ligasynda (MLS) «Inter Maýami» klubynyň düzüminde çykyş edýär. Öz oýunçylyk karýerasynda «Barselona» we «Pari Sen-Žermen» ýaly öňdebaryjy klublarda oýnan Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany 2022-nji ýylda Dünýä çempiony boldy ham-da karýerasynda jemi 48 sany resmi kubok we kubok titullaryny utup, futbol taryhynda iň köp titully oýunçy hökmünde öz adyny altyn harplar bilen ýazdyrdy.
Şeýle hem okanyň