Oýun sanawy


8-nji fewraldan başlap, Türkmenistanda ahyrky garagyş döwri dowam edip, ol 22-nji fewrala çenli sürer. Bu döwürde ýurduň dürli künjeklerinde howanyň ýagdaýy örän durnuksyz bolýar: käwagt gyşyň soňky sowuk günleri ýaly gar ýagyp, sowuk güýçlenýär, käwagt bolsa Gün şöhlesi ýer ýüzüni gyzdyryp başlaýar. «Türkmenistan» gazetinde çap edilen maglumatlarda bu ýagdaýlaryň ahyrky garagyşa mahsusdygy bellenilýär.
Ahyrky garagyş Türkmenistanda zähmet çekýän daýhanlar we çarwalar üçin aýratyn jogapkärçiligi talap edýär. Daýhanlar ýazky ekiş möwsümine taýýarlanýar, maldarlar bolsa owlak-guzy möwsümine ýetýär. Ene mallary rahat şertlerde bakmak, olary gorkuzmazdan, iýmit-suw bilen doly üpjün etmek zerurdyr. Mallar örä çykarylanda az wagt otlap, tiz ýatmaga meýilli bolýarlar, şonuň üçin olary ýerinden turuzmakda seresap bolmak maslahat berilýär. Sebäbi gijeki sowukdan soňra Türkmenistanyň çägeleri günortana çenli doly gyzmaýar.
Togsana çenli ýer ýüzüne ýyly doly ornaşmaýar. Kiçi çille özüne mahsus sowugy we ýagşy bilen soňky gezek özüni bildirip, ahyrky garagyşa ýol berýär ýaly bolýar. Diňe on bäş gün dowam edýän bu döwür «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda asuda geçer diýlip çaklanylýar.
22-nji fewrala golaýlap, ahyrky garagyş gysga wagtlaýyn sowuk howa getirip biler, emma bu ýagdaý uzak dowam etmez. Ýaz ýelleriniň öwüsmäge başlamagy, açyk asman we Gün şöhlesi tebigatyň ýaz möwsümine ýüzlenendigini görkezýär. Muny garynjalaryň hereketi, gyş ukusyndan oýanýan beýleki jandarlar we guşlaryň ýagdaýy hem tassyklaýar.
Türkmenistanyň çöl ýerlerinde Gün düşýän meýdançalarda ilkinji gök öwüsip başlaýar. Çaly, çerkez ýaly ösümlikleriň pyntyk ýarmagy ýaz paslynyň uzakda däldigini görkezýär. Bu alamatlaryň hemmesi ahyrky garagyşyň Türkmenistanda maýyllyk bilen tamamlanjakdygyna şaýatlyk edýär.
Şeýle hem okanyň


Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy
26 Okt. 10:04Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.
Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.
Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.
Şeýle hem okanyň