Oýun sanawy
Türkmen öndürijisi NesilCoffee tarapyndan kofe bazarynda täze önüm peýda bolar. Ýakyn wagtda kompaniýanyň 3-si 1-de görnüşli içgiler hatary iki sany täze tagam bilen baýlaşar — ýumşak funduk tagamy we däp-dessurlardan ylham alan karak-çaý.

Fundukly görnüşi — inçe funduk ysly, ýumşak kofe içgisidir. Bu tagam kofeniň tebigy esasyny baýlaşdyryp, oňa ýyly hem-de ýakymly öwüşgin berýär.

Karak-çaý tagamy bolsa Gündogarda giňden ýaýran içgini ýatladýar. Ol süýtli, goýy hem-de ysly goşundylary bolan çaý bolup, adatça gara çaýyň hoşboý ysyny doly açmak üçin uzak wagtlap taýýarlanylýar. Täze 3-si 1-de görnüşinde bu özboluşly tagam häzirki zaman amatly format bilen utgaşdyryldy: bir gabyny açyň we şolbada käsäňizde ýyladýan, güýç berýän hem-de baý tagamly içgi taýýar bolar.
Täze tagamlar ýakyn wagtda ýurduň dükanlarynda hem-de jemgyýetçilik iýmitleniş nokatlarynda elýeterli bolar. Alyjylar funduk we karak-çaý tagamyny 3-si 1-de amatly görnüşde ilkinji bolup dadyp görüp bilerler.
Habarlaşmak üçin:
Salgysy: Türkmenistan, Ahal welaýaty, Ak bugdaý etraby, Magtymguly obasy, Magtymguly köçesinden 3 km uzaklykda
Ofis: +993 137 3 29 69 / +993 137 3 29 71
Email: info@nesilcoffee.com
Web saýty: www.nesilcoffee.com
Şeýle hem okanyň


Türkmen alabaýynyň baýramynda iki hünärmene «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly at dakyldy
26 Okt. 07:21Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli baýramçylyk bolan Türkmen alabaýynyň güni mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly ady dakmak baradaky degişli Permana gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň habar bermegine görä, bu resminama milli itşynaslyk mekdebiniň köpasyrlyk däplerini saklamakda hem-de türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda uly hyzmatlary bitiren zähmetkeşleri sarpalamaga gönükdirilendir.
Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, alabaý itlerini ylmy esasda saklamakda, köpeltmekde we olaryň tohum arassalygyny goramakda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal hem-de göreldeli zähmeti göz öňünde tutulyp, iki raýata bu ýokary döwlet ady gowşuryldy. Şunlukda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi gulluk itlerini köpeldiş we kämilleşdiriş ýeriniň uly tehnigi Begmyrat Halwatjanow hem-de Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby bölüminiň it idedijisi Parahat Bäşimow bu mukaddes ada mynasyp görüldiler.
Ata-babalarymyzdan miras galan türkmen alabaýlary halkymyzyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Häzirki wagtda ýurtda alabaýlaryň baş sanyny artdyrmak, olary halkara derejede wagyz etmek we harby hem-da hukuk goraýjy edaralarda gulluk itleri hökmünde netijeli ulanmak boýunça giň göwrümli döwlet maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar.
Şeýle hem okanyň