Oýun sanawy
Aşgabat şäherindäki Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň binasynda Halkara zenanlar güni mynasybetli «Zenan we tebigat» atly döredijilik duşuşygy geçirildi. Çäräniň guramaçysy «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy boldy.
Duşuşyk BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky «Milli derejede kesgitlenen goşantlary (MDKG 3.0) täzelemek işine goldaw bermek» taslamasynyň tehniki goldawy bilen, Türkmenistanyň BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasy hem-de Pariž ylalaşygy boýunça borçnamalarynyň çäginde geçirildi.
Çäre kyrk töweregi gatnaşyjyny bir ýere jemledi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň wekilleri çykyş edip, jemgyýetde ekologiýa medeniýetini kemala getirmekde zenanlaryň möhüm ornuny aýratyn bellediler.
Bilim, saglygy goraýyş we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamynda zähmet çekýän zenan hünärmenleriň hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy çärä aýratyn many-mazmun berdi. Olar özleriniň hünär tejribesi hem-de daşky gurşawy goramak baradaky garaýyşlary bilen paýlaşdylar.
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň ýolbaşçysy Leýli Şyhmedowa çykyşynda şeýle belledi:
«Ýurdumyzda zenanlaryň jemgyýetdäki orny ýokary derejede sarpalanýar. Zenan bilen tebigat — durmuşyň we gözelligiň bitewi çeşmesidir. Esasy maksadymyz bu sazlaşygy ýaşlaryň aňynda berkidip, olarda tebigata bolan aýawly garaýşy terbiýelemekdir».
BMGÖM-niň hünärmenleri we ýaş ekologiýa meýletinçileri howanyň üýtgemegi boýunça halkara borçnamalary hem-de bu ugurda durmuşa geçirilýän taslamalar barada pikir alyşdylar. Guramanyň agzalary hünärmenler bilen işjeň dialoga girip, özlerini gyzyklandyrýan sowallara giňişleýin jogap aldylar.
Duşuşygyň ahyrynda guramaçylar tarapyndan gatnaşyjylara ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Çäre ýaş gelin-gyzlaryň ekologiýa başlangyçlaryny goldamak we tejribe alyşmak üçin netijeli meýdança boldy.
Şeýle hem okanyň


«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar
24 Okt. 12:11Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.
Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.
Şeýle hem okanyň