Oýun sanawy


Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny sanlylaşdyrmak we döwrebaplaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
05 Mart. 11:29Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň hünärmenleri BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) hemişelik wekili Narine Saakýan bilen duşuşyk geçirdiler. Gepleşikleriň esasy özeni Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň operatiw işlerini döwrebaplaşdyrmak hem-de Hazarüsti ulag geçelgesiniň bäsdeşlik ukybyny ýokarlandyrmakdan ybarat boldy. BMGÖM tarapyndan hödürlenen meýilnama laýyklykda, portda Terminaly dolandyrmak ulgamyny (TOS) kämilleşdirmek we söwda amallaryny çaltlandyrýan «Deňiz ýeke-täk penjiresi» (MSW) sanly ulgamyny ornaşdyrmak göz öňünde tutulýar.
Duşuşykda portuň ekologiýa ýagdaýyna hem aýratyn üns berildi. Taraplar bar bolan «Ekoport» we ISO-14001 güwänamalaryna esaslanyp, halkara ekologiýa standartlaryny has-da berkitmek barada pikir alyşdylar. Täze başlangyçlar golaý wagtda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň garamagyna hödürlener.
Şeýle hem okanyň


«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar
24 Okt. 12:11Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.
Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.
Şeýle hem okanyň