Oýun sanawy


Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen 2026-njy ýylyň ilkinji günlerinde gazanylan halkara üstünlik mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentine gutlag iberdi. TDH-niň habar bermegine görä, Monte-Karlo halkara sirk sungaty festiwalynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna Monakonyň Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalarynyň gowşurylmagy gutlagyň esasy sebäbi boldy.
Gutlagda bellenilişi ýaly, 2026-njy ýylyň ady türkmen halkynyň ahalteke bedewine bolan belent sarpasynyň aýdyň beýanydyr. Türkmenistan üçin bedew diňe bir at däl, ol maksada ýetmegiň, ösüşiň we arzuwlaryň hasyl bolmagynyň nyşanydyr. Täze ýylyň şygarynda Türkmenistanyň arzuwlar hakykata öwrülýän, maksatlaryň bedew bady bilen amala aşyrylýan ýurt hökmünde waspy berilýär.
Şeýle-de gutlagda Garaşsyz we hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ösüşleriniň bedew bady bilen deňeşdirilýändigi nygtalýar. «Akylly» şäher Arkadag ahalteke bedewleriniň taryhy mekany bolan sebitde ýerleşýär. Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda ahalteke bedewleriniň ylmy esasda öwrenilmegi, Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde milli at üstündäki oýunlaryň kämilleşdirilmegi üçin döredilen şertler, şeýle hem şäheriň binagärlik keşbinde türkmen bedewiniň mynasyp orun eýelemegi halkymyzyň bedew batly ösüşleriniň nyşany hökmünde dabaralanýar. Bu üstünlikleriň ählisi Türkmenistanyň Prezidentiniň «Watan diňe halky bilen Watandyr, döwlet diňe halky bilen döwletdir» diýen taglymatynyň ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýändigini tassyklaýar
Şeýle hem okanyň


Türkmenistanyň Daşary işler ministri GDA-nyň Baş sekretary bilen duşuşyk geçirdi
10 Sen. 12:42Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 111-nji mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar 2026-njy ýylda Türkmenistanyň Arkalaşykdaky başlyklygynyň ileri tutulýan ugurlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek hem-de GDA-nyň çäklerinde amaly hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini maslahatlaşdylar.
Duşuşykda 2026-njy ýylyň 7-nji we 9-njy oktýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek GDA-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň we Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlislerine taýýarlyk hem-de olaryň guramaçylyk meselelerine aýratyn üns berildi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda taraplar köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin bilelikdäki amaly işleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
Şeýle hem okanyň