Oýun sanawy

Hytaýly lukmançylyk wekilleri Aşgabadyň döwrebap sagaldyş infrastrukturasyna ýokary baha berdiler

18 Aprel. 04:33

Çeşme

Düýn Aşgabadyň Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezine Pekin hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektory Tan Çžişunyň ýolbaşçylygyndaky Hytaý Halk Respublikasynyň wekilçilikli topary baryp gördi. Bu saparyň esasy maksady Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda gazanan üstünlikleri bilen tanyşmakdan hem-de iki ýurduň arasyndaky ylmy-lukmançylyk gatnaşyklaryny täze derejä çykarmakdan ybarat boldy.

Saparyň dowamynda myhmanlara merkeziň tehniki enjamlaşdyrylyşy we bejeriş-dikeldiş işleriniň guralyşy barada giňişleýin maglumat berildi. Hytaýly hünärmenler hassahananyň barlaghanalaryna we bejeriş otaglaryna aýlanyp görüp, bu ýerde dünýäniň öňdebaryjy lukmançylyk tehnologiýalarynyň netijeli ulanylýandygyna göz ýetirdiler. Esasanam, näsaglara edilýän hyzmatyň hili we saglygy dikeltmek üçin döredilen toplumlaýyn şertler wekillerde uly täsir galdyrdy.

Merkeziň lukmanlary hytaýly kärdeşleri bilen hassalary bejermegiň innowasion usullary hem-de lukmançylyk ylmynyň soňky gazananlaryny tejribä ornaşdyrmagyň aýratynlyklary barada pikir alyşdylar. Hytaý tarapy Aşgabadyň bu merkeziniň diňe bir sebitde däl, eýsem, halkara derejesinde hem iň döwrebap saglygy goraýyş edaralarynyň biridigini nygtap geçdi. Bu duşuşyk geljekde iki ýurduň saglygy goraýyş hünärmenleriniň tejribe alyşmaklary üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Wekilçilikli toparyň agzalary Türkmenistanyň döwlet syýasatynda saglygy goraýyş pudagyna aýratyn üns berilýändigini we munuň anyk netijeleriniň bu merkeziň mysalynda aýdyň görünýändigini bellediler. Saparyň ahyrynda hytaýly myhmanlar saglygy goraýyş ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy

26 Okt. 10:04

Çeşme

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.

Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.

Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌