Oýun sanawy


Talyp ýaşlar paýtagtymyzyň uzak ýaşly eneleriniň mukaddes ojagyna baryp, baýramlary bilen gutladylar
08 Mart. 17:27Halkara zenanlar güni mynasybetli, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň işjeňleri asylly bir çäräni amala aşyrdylar. Mugallymlardan we talyplardan ybarat topar Aşgabat şäherinde ýaşaýan uzak ýaşly mährem enelerimiziň öýlerine baryp, olaryň bahar baýramyny gutladylar. Edaranyň Kärdeşler arkalaşygy tarapyndan taýýarlanylan gül desseleri we sowgatlar enelerimize ýokary ruhubelentlik bagyşlady.
Mährem eneler özleriniň ömür ýollaryndan täsirli pursatlary gürrüň berip, ýaşlara özleriniň gymmatly maslahatlaryny berdiler. Ak sakally we ak saçly enelerimiziň ýaşlara beren ak patasy hem-de okuwlarynda rowaçlyk baradaky arzuwlary duşuşyklaryň mazmunyny has-da baýlaşdyrdy. Bu çäre nesilleriň arasyndaky ruhy baglanyşygy berkitmekde we milli gymmatlyklarymyzy dabaralandyrmakda uly ähmiýete eýe boldy.
Şeýle hem okanyň


Wenesiýa halkara kinofestiwalynda režissýor Alek Gibni tarapyndan düşürilen, telekeçi Ilon Maskyň ömri we işi baradaky dokumental filminiň ilkinji görkezilişi geçirildi. Bäsleşikden daşgary görkezilen we takmynan dört sagat dowam edýän bu kinofilmiň golaýda Toronto halkara kinofestiwalynda hem görkezilmegi, 16-njy oktýabrda bolsa dünýä kinoteatrlaryna çykarylmagy meýilleşdirilýär.
Filmi döredijiler tarapyndan köpçülige hödürlenen tizer-wideo rolikde milliarder barada dürli garşylykly pikirler beýan edilýär. Onda käbir hünärmenler Masky häzirki döwrüň beýik oýlap tapyjysy diýip atlandyrsa, beýlekiler ony hereketini öňünden çaklap bolmaýan, rehimsiz we egoist adam hökmünde häsiýetlendirýärler. Tizer kosmos gämisiniň partlamagy we Maskyň «ýadro bombasy» bilen deňeşdirilmegi bilen tamamlanýar.
Tizerde Talking Heads toparynyň öňki solisti Dewid Birniň täze aýdymy ýaňlanýar. Kinoteatrlardaky resmi görkezilişleri tamamlanandan soňra, bu dokumental film HBO we Max striming platformalarynda tomaşaçylara hödürlener.
Şeýle hem okanyň