Oýun sanawy

Aşgabatda “Ozon we klimat” atly bäsleşigiň ýeňijileri yglan edildi

04 Okt. 08:38

Oktýabr aýynyň 3-ne Aşgabatda “Ozon we klimat” atly ylmy we döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bu çäre “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasy tarapyndan, BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasy (UNIDO) we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) bilen bilelikde gurnaldy. Bäsleşik Ozon gatlagyny goramagyň Halkara güni mynasybetli geçirildi.

Bäsleşigiň maksady ýaşlaryň ekologiýa bilen baglanyşykly düşünjelerini çuňlaşdyrmak, döredijilik we ylmy-barlag ukyplaryny ösdürmek, şeýle hem howanyň üýtgemegi ýaly wajyp meselelerde pikirlenmäge höweslendirmekden ybarat boldy.

Bäsleşige paýtagtymyzyň orta mekdepleriniň 7–12-nji synp okuwçylary gatnaşdylar. Olar ozon gatlagyny goramak we klimat üýtgemesiniň täsirlerini azaltmak bilen baglanyşykly taslamalaryny we maketlerini hödürlediler.

Netijeler şeýle boldy:

  • 1-nji orun: Aşgabatdaky 55-nji orta mekdebiň okuwçylary – Hallyberdiýew Ybraýym, Akgaýewa Akgül, Ataýewa Aýşa we Demidowskiý Stanislaw.

  • 2-nji orun: 15-nji orta mekdepden Ahmedow Ahmet we Agamyradow Alyhan.

  • 3-nji orun: 34-nji orta mekdebiň okuwçysy Durdyýewa Gülnur.

“Ýaş tebigatçy” guramasynyň halkara gatnaşyklara jogapkär hünärmeni Merjen Akyýewa bäsleşik barada şeýle diýdi:

“Ýaşlaryň ekologiýa temalaryna bolan gyzyklanmasy guwandyryjy. Olar innowasion pikirler bilen çykyş etdiler we möhüm meselelerde döredijilikli çemeleşmeleri görkezmegi başardylar.”

Ýeňijilere ýadygärlik sowgatlar we Hormat hatlary gowşuryldy. Gatnaşanlaryň ählisine bolsa degişli şahadatnamalar berildi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar

24 Okt. 12:11

Çeşme

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.

Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌