Oýun sanawy

Amerikaly alymlar ýokary anyklyga eýe reňkli rentgen tehnologiýasyny döretdiler

26 Sen. 09:44

Çeşme

Sandia Milli laboratoriýalarynyň (ABŞ) alymlary reňkli we ýokary takyklykly rentgen şekillerini döretmäge mümkinçilik berýän täze usuly ornaşdyrdylar. Bu innowasion tehnologiýa lukmançylykdan başlap senagat barlaglaryna çenli köp ugurlarda uly ähmiýete eýe bolup biler.

Taslamanyň ýolbaşçysy Edwart Himenes täze tehnologiýanyň adynyň köp metallik nyşanalaryň ulanylmagy bilen reňkli giperspektral rentgen wizualizasiýasy diýlip atlandyrylýandygyny aýtdy. Bu usul dürli metallaryň dürli energiýaly — ýagny dürli "reňkli" — rentgen şöhlelerini döretmek aýratynlygyna esaslanýar.

Has takyk we aýdyň şekilleri almak üçin alymlar rentgen şöhleleriniň fokus nokadyny kiçeltmek maksady bilen woltfram, altyn, molibden, samarý we kümüş ýaly metallardan örän ownuk nokatlar bilen taýýarlanan anodlary ulandylar. Bu metallaryň hersi şöhleleri dürli energiýada berip, dürli maglumatlary almaga mümkinçilik berýär.

Fotoonlary energiýasyna görä tapawutlandyrýan ýörite detektor arkaly rentgen şöhleleriniň her bir bölegi seljerilýär. Şeýlelikde, materialyň düzümindäki elementleriň dykyzlygyny we görnüşini takyk kesgitlemek mümkin bolýar. Netijede bolsa reňkli, ýokary anyklykly we maglumat taýdan baý şekiller alynýar.

Alymlaryň pikiriçe, bu tehnologiýa howpsuzlyk barlaglarynda, önümçiligiň hiline gözegçilikde, materiallary dargatmazdan barlamakda we lukmançylyk diagnozynda giňden ulanylyp bilner.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar

24 Okt. 12:11

Çeşme

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.

Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌