Oýun sanawy

Türkmenistanyň çagalar kitaphanasynda Alyşir Nowaýynyň 585 ýyllygyna bagyşlanan edebi duşuşyk geçirildi

04 Few. 07:20

Çeşme

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynda gündogar edebiýatynyň beýik wekili Alyşir Nowaýynyň doglan gününiň 585 ýyllygy mynasybetli edebi-medeni çäre geçirildi. Duşuşyga Aşgabat şäherindäki 4-nji çeperçilik mekdebiniň okuwçylary — ýaş okyjylar gatnaşdy.

Çäräniň dowamynda gatnaşyjylara Alyşir Nowaýynyň ömri, döredijilik ýoly we onuň gündogar medeniýetindäki orny barada giňişleýin gürrüň berildi. Nowaýynyň diňe bir beýik şahyr bolman, eýsem döwlet işgäri, kämil dilçi we sungat ussady hökmünde hem tanalandygy aýratyn nygtaldy.

Duşuşykda Nowaýynyň döredijiliginiň Türkmenistan bilen bagly taraplaryna aýratyn üns berildi. Onuň Merw şäherinde bolan ýyllary türkmen nusgawy edebiýatynyň ösüşine oňyn täsirini ýetiripdir. Şahyryň goşgulary türkmen halk sazandalary tarapyndan sazlandyrylyp, aýdym görnüşinde ýerine ýetirilýär. Türkmen dutarynda bolsa «Nowaýy» ady bilen tanalýan saz perdeleri we halk arasynda giňden ýaýran saz eserleri bar.

Şeýle-de çärä gatnaşyjylar Alyşir Nowaýynyň «Hamsa» eserler toplumyna girýän «Perhat we Şirin» dessany barada pikir alyşdylar we onuň edebi ähmiýetini bellediler.

Türkmenistanyň çagalar kitaphanasynda geçirilen bu çäre «Aşgabat» teleýaýlymynda efire berilýän «Bagtyýar çagalyk» gepleşiginde giňişleýin beýan edildi.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

Mary welaýatynda ýylda 50 müň tonna önüm öndürmäge ukyply täze süýt gaýtadan işleýän kärhana dabaraly açyldy

26 Okt. 10:04

Çeşme

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň «Täze Oba» daýhan birleşiginiň çäginde ýylda 50 müň tonna süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenen döwrebap önümçilik toplumy dabaraly ýagdaýda ulanyşa berildi. Täze senagat desgasynyň açylyş dabarasyna ýerli häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, syýasy partiýalaryň wekilleri, senagat kärhanalarynyň hünärmenleri, talyplar ham-da hormatly ýaşulular gatnaşdylar. Bu döwrebap toplum sebitiň azyk senagaty kuwwatyny ep-esli artdyrmaga uly goşant goşar.

Täze zawodyň gurluşyk işleri hususy telekeçi Guwançmyrat Orazowa hemişelik ulanmak üçin bölünüp berlen 3,5 gektar meýdanda alnyp baryldy. Taslamanyň baş potratçysy hökmünde ýurduň öňdebaryjy «Täze Aý Önümleri» hojalyk jemgyýeti çykyş etdi, alnyp barylan gurluşyk işleri bolsa Türkiýe Respublikasynyň ýöriteleşdirilen kompaniýasy tarapyndan enjamlaşdyrylan metal gurluşlar we kämil materiallar bilen üpjün edildi.

Kärhana iň döwrebap tehnologik liniýalar, önümçilik sehler hem-da barlaghana-gözegçilik bölümleri bilen doly üpjün edilendir. Bu ýokary tehnologik enjamlar köp görnüşli süýt we gatyk önümlerini öndürmäge, amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga we önümleriň peýdaly häsiýetlerini saklamak bilen olaryň saklanyş möhletini uzaltmaga mümkinçilik berýär. Desganyň ulanyşa girizilmegi içerki bazary ýerli önümler bilen bökdençsiz üpjün etmäge hem-da sebitde täze iş orunlaryny döretmäge şert döredýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌