Oýun sanawy

Ýaponiýada ynsanpisint robotlar üçin ilkinji «tiz kömek» gullugy işe girizildi

14 Sen. 15:20

Çeşme

Ýaponiýanyň «GMO Internet Group» kompaniýasy ynsanpisint robotlara ýerinde tiz hyzmat görkezmäge niýetlenen üýtgeşik taslamany hödürledi. Kompaniýanyň «GMO Air» bölümi tarapyndan Tokio şäherinde ýola goýlan bu furgon Ýaponiýada robotlar üçin ilkinji «tiz kömek» gullugy hökmünde häsiýetlendirilýär.

Ýörite enjamlaşdyrylan furgonyň içinde tejribeli inženerler, zerur ätiýaçlyk şaýlary we hatda ätiýaçlyk robot ýerleşýär. Eger-de robotda ýüze çykan näsazlygy ýerinde düzetmek başartmasa, zeper ýeten enjam serwis merkezine äkidilýär, Müşderiniň işi togtamazlygy üçin bolsa oňa wagtlaýynça başga bir robot berilýär.

Soňky ýyllarda robotlaryň önümçilikde, ammarlarda hem-de hyzmatdaşlyk ulgamynda ulanylyşynyň artmagy sebäpli şeýle hyzmatlara bolan isleg barha artýar. Robotlaryň hatardan çykmagy kärhanalaryň işini wagtlaýyn bökdep biljekdigi sebäpli, täze «tiz kömek» gullugy tehniki päsgelçilikleri derrew aradan kaldyrmaga mümkinçilik berýär.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌

«Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýady we tehniki enjamlaşdyrylyşy döwrebaplaşdyrylar

24 Okt. 12:11

Çeşme

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak hakynda degişli Karara gol çekdi. TDH habarlar gullugynyň mälim etmegine görä, bu resminama ýurduň gaz senagaty toplumynyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli ýokary götermäge we pudagyň tehniki mümkinçiliklerini döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Häzirki wagtda döwlet konserniniň önümçilik desgalaryny täzeden enjamlaşdyrmak we tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň göwrümli çäreler bellenilen tertipde alnyp barylýar. Amala aşyrylýan bu toplumlaýyn adimler tebigy gazy gazyp almagyň hem-de gaýtadan işlemegiň göwrümini artdyrmak bilen bir hatarda, içerki we daşarky sarp edijileri mawy ýangyç bilen bökdençsiz hem-da durnukly üpjün etmäge şert döredýär.

Döwlet Baştutanymyz Karara gol çekip, degişli wise-premýer Guwanç Agajanowa konserniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça göz öňünde tutulan ähli işleri talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Pudagy kämilleşdirmekde dünýäniň öňdebaryjy tehnologik kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we innowasion çözgütleri ornaşdyrmaga aýratyn üns beriler.

‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌
‌